Berlin talyp hakyBachelor and Masters

Möhleti
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Talyp hakyň maksady

SBW Berlin talyp haky maliýe goldawyna mätäç bolýan we Germaniýada okuw döwründe başarnyklaryny ulanyp bilýän daşary ýurtly ýaşlaryň okuwyna goşant goşýar.

Bu talyp haky dalaşgärleriň akademiki kärlerine, şahsy başarnyklaryna we jemgyýetçilik zerurlyklaryna esaslanyp Berlinde we Potsdamda bakalawr we magistratura derejeleriniň talyplaryna berilýär. Umuman ähli ylmy we çeperçilik dersleri maliýeleşdirilip bilner. Ýörite ýagdaýlarda Berlinde ýa-da Potsdamda hünär okuwy berilýär. Ýurduňyzda ýa-da Germaniýanyň beýleki federal ştatlarynda okamak üçin maliýeleşdirme almak mümkin däl.

Dalaşgärler üçin talaplar:

  • 18 ýaşdan 30 ýaşa çenli;
  • ortaça bahalar azyndan 2,0 nemes balyna gabat gelýär;
  • arzaňyzy döwlet uniwersitetinde  (Germaniýada ýa-da daşary ýurtlarda) okuwa başlamazdan ozal ýa-da birinji, ikinji ýa-da iň köp üçünji semestre geçeniňizde tabşyrylmaly ýa-da bakalawr derejesini almazdan ozal magistr derejesini almak üçin arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz;
  • arzany tabşyrmazdan ozal 18 aýdan köp  Germaniýada ýaşamaýandyklaryny subut edip bilmeli;
  • Germaniýada hemişelik ýaşaýan maşgala agzalary ýok;
  • okuwy gutarandan soň azyndan 18 aý öz ýurdunda işlemek niýeti bolmaly;
  • telekeçilik däl pudakda hünärmen ýa-da meýletin iş tejribesi;
  • aýlyk girdejileriniň pes derejede bolandygyny subut edip bilmeli.

Gerekli resminamalar:

  • anketa (doldurylýan PDF ýa-da onlaýn görnüş);
  • höweslendiriş haty (bir ýa-da iki sahypa);
  • CV;
  • Orta bilimi barada şahadatnama ýa-da diplom;
  • Akademiki bahalary barada salgylanma we baha berişiň beýany;
  • Aýlyk girdeỳjileri barada maglumat.

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň maý aýynda onlaýn anketa işjeňleşdiriler, talyp haky anketasy 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap tabşyrylyp bilner.

Çeşme: https://sbw.berlin/en/sbw-berlin-scholarship/