Täze Zelandiýada Wellington doktorlyk talyp haky.

Möhleti
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Wellington doktorlyk talyp haky dalaşgäriň akademiki ussatlygy esasynda berilýär, şeýle hem dürli ugurlaryň talyplary üçin açykdyr. Wellington doktorlyk talyp hakynyň ähli teklipleri ýyllyk 27,500 dollar talyp haky we üç ýyla çenli ýurtda okuw töleglerinden ybarat.

Kriteriýalar:

Bu talyp haklary, doktorlyk derejesini doly günde almak isleýän ýa-da Victoria University of Wellington okuw jaýynda doktorlyk derejesine giren talyplar üçin elýeterlidir. Üns beriň: uniwersitetiň web sahypasynda bu talyp hakyna arzany tabşrmak üçin düzgünleri we goşmaça talaplary tapmak möhümdir.

Arza bermek prossesi:

Dalaşgärler resminama tabşyrmazdan ozal doktorlyk stipendiýasy düzgünleriniň doly tekstini okamalydyrlar.

Gelejekde PhD derejesiniň talyplary aýratyn Wellington doktorlyk talyp haky üçin ýüz tutmagyň zerurlygy ýok – bu umumy doktorlyk arzaňyzyň bir bölegidir.

Eger-de talyp hakyny almazdan okuwa kabul edilen bolsaňyz, onlaýn Wellington doktorlyk talyp hakyna gaýtadan arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz. Ondan başga goşmaça resminamalary tabşyrmaly bolarsyňyz. PhD derejesini alýanlar hem ş.m. ädimleri ädip arzalaryny tabşyryp bilerler bilerler.

PhD we doktorlyk derejesine talyp hakyny gazanmak üçin ädimler:

Bu ädimme-ädim gollanma Victoria University of Wellington okuw jaýynda PhD almak üçin arzany tabşyrmaga kömek eder https://www.wgtn.ac.nz/fgr/prospective-phds/applying

Resminamalaryň sanawy:

  • Ylmy geňeşçini saýlaň we haýyş iberiň;
  • Onlaýn arzada ähli zerur bölümleri dolduryň;
  • Uniwersitetde ýazan eseriňiziň nusgasyny ugradyň;
  • Bahalaryň bellikleri barada maglumatlary / diplomy tabşyryň;
  • Zerur bolsa diplom goşundysynyň göçürmesini iberiň;
  • Iňlis dilini bilýänligiňizi we zerur bolsa resmi şahadatnamalryň terjimesini beriň.

Bu maglumatlaryň hemmesi onlaýn arza ýüklenmeli.

Tabşyryş möhletleri: 1-nji mart, 1-nji iýul we 1-nji noýabr.

Goşmaça maglumat üçin: https://www.wgtn.ac.nz/fgr/prospective-phds/fees/victoria-doctoral-scholarships, https://www.wgtn.ac.nz/fgr/prospective-phds/applying