EducationUSA Virtual Fair

Möhleti
Arza göýbermek

EducationUSA Türkmenistan, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen sizi ABŞ-da ilkinji wirtual bilim sergisine çagyrýar!

Sene: 17-nji oktýabr, sagat 15: 00-dan 19: 00-a çenli

Ýeri: Onlaýn platforma (hasaba alnandan soň platforma maglumatlaryny alarsyňyz)

Hasaba alyş: https://acfairs.easyvirtualfair.com/prefair/

Gatnaşmak mugt!

Bu wirtual sergi aşakdaky kriteriýalar boýunça beýleki sergilerden tapawutlanýar:

  • adaty serginiň ähli mümkinçiliklerini berýän amatly onlaýn format;
  • ABŞ-da Talyp wizasyny almak üçin wiza konsuly bilen sessiýa;
  • diňe akkreditlenen ABŞ uniwersitetleri;
  • ähli uniwersitetlere uniwersitetiň kabul ediş komitetiniň işgärleri / agzalary wekilçilik edýärler;
  • kabul ediş, maliýe goldawy we saýlama komitetiniň agzalary bilen göni onlaýn aragatnaşyk
  • içerki grantlar;
  • uniwersitetleriň webinarlary;
  • şahadatnama berýän onlaýn kurslary  okamak  sertifikatlaryň, Duolingo ýaly synagdan geçmek üçin mugt talonlar, we SAT testine mugt taýynlaýyş kursuna talonlar we beýleki gymmatly sowgatlar.

Bu sergide 100-den gowrak bakalawr, magistratura, doktorlyk we iňlis dili kurslaryny hödürleýän ABŞ-nyň 60+ akkreditlenen uniwersitetleri görkeziler. Gatnaşan uniwersitetleriň hemmesi daşary ýurtly talyplara doly grantlary goşmak bilen maliýe kömegini hödürleýär. Sergi wagtynda uniwersitetler tarapyndan geçiriljek dürli mowzuklar boýunça webinarlara gatnaşyp bilersiňiz, wekillere göni sorag berip bilersiňiz.

Sergi üçin hasaba alynmak hökmandyr: https://acfairs.easyvirtualfair.com/prefair/