“Üýtgeýän zähmet bazaryndaky ýaşlar üçin täze hünärler, başarnyklar we mümkinçilikler” barada webinar

Möhleti
28.10.2020
Arza göýbermek

ÝHHG-niň Maksatnamanyň Nur-Soltandaky ofisi Gazagystanyň tanymal jemgyýetçilik işgäri Saýasat Nurbekiň “Üýtgeýän zähmet bazaryndaky ýaşlar üçin täze hünärler, başarnyklar we mümkinçilikler” mowzugynda webinar geçirýär. Bu çäre ähli gyzyklanýan adamlar üçin açykdyr.

Webinarda aşakdakylar barada maglumat alarsyňyz:

  • “Täze hünärleriň atlasy” taslamasy;
  • ýakyn wagtda talap edilýän hünärleriň çaklamasy;
  • dürli pudaklarda hünärleriň üýtgemegi we ýitmegi;
  • talyplar üçin hünär görkezmesi.

Webinar, 28-nji oktýabr, çarşenbe güni sagat 17: 00-18: 00 aralygynda (Nur-Soltan wagty boýunça) Zoom wideo konferensiýa platformasynda geçiriler.

Webinar spikeri: “Gazagystanyň täze hünärleriniň atlasy” taslamasynyň ýolbaşçysy,  “BTS Education” baş müdiri we ekspert gözlegçi Saýasat Nurbek.

Bu çäre rus dilinde mugt geçirilýär. Webinara gatnaşmak üçin aşakdaky görkezmelere eýeriň.

1. 28-nji oktýabr, çarşenbe güni irden 10: 00-dan gijä galman http://bit.ly/osce-register  web sahypasynda ýazylmagyňyzy haýyş edýäris.

2. URL (web salgy) ulanyp, webinara giriň http://bit.ly/osce-career

Duşuşyga başlamazdan 5 minut öň girmegiňizi haýyş edýäris.

3. Guramaçy (ÝHHG) ýygnagy başlaýança hiç zat görünmez.

4. Ähli gatnaşyjylardan prezentasiýa wagtynda fon sesleri päsgel bermezi üçin mikrofonlaryňyzy öçürmegi haýyş edýäris.

5. Webinaryň moderatory tarapyndan bellenjek programmanyň «чат» funksiýasy arkaly sorag berip bilersiňiz.

6. Hünärmen webinary rus dilinde geçirer, ýöne ýazmaça düşündirişler ýa-da soraglar «чат» funksiýasy arkaly iňlis dillinde hem iberilip bilner. Has giňişleýin maglumat we hasaba alynmak üçin: http://bit.ly/osce-register