Awstriýanyň Wena Tehnologiýa Uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin HELMUT VEITH ADYNDAKY TALYP HAKY
Tabşyryş möhleti: 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-y
Kompýuter ylymlary ugry boýunça bilim alýan zenan talyplary üçin elýeterli.
Maliýeleşdirme: okuw üçin 2 ýylyň dowamynda 6000 ýewro talyp haky berilýär.
Maksatnamanyň beýany:
Helmut veith adyndaky talyp haky her ýyl Wena Tehnologiýa Uniwersitetinde Informatika boýunça magistr programmalarynyň birini öwrenýän (ýa-da bilimini dowam etdirmegi meýilleşdirýän) kompýuter ylymlary talyplaryna berilýär.
Kriteriýalar:
1. Dalaşgärler Wena Tehnologiýa Uniwersitetinde iňlis dilinde okadylýan kompýuter ylymlary boýunça magistr derejesini almak üçin kriteriýalara laýyk gelmeli:
- Logika we hasaplama magistri
- Işewür informatika magistri
- Ýewropada hasaplaýyş logikanyň magistri
- Kompýuter inženerligiň magistri (Technische Informatik)
- Maglumat ylymlarynyň magistri
- Mediýa we adam merkezi hasaplaýyş magistri.
2. Maliýeleşdirmek üçin arza tabşyryşy kabul ediş wagtydan ozal ýa-da şol bir wagtyň özünde geçirilýän bolsa, maliýeleşdirmek diňe magistr meýilnamasyna kabul edilen dalaşgärlere berler. Maliýeleşdirme arzasy giriş prosesiniň ýerini tutmaýar; şertli maliýeleşdiriş teklibi arza berijä Wena Tehnologiýa Uniwersitetinde okamaga hukuk bermeýär.
3. Aşakdaky kategoriýalara laýyk gelýän talyplar talyp hakyna arzany tabşyryp bilerler:
• Informatika ýa-da matematika boýunça bakalawr derejesi (Bolonýanyň birinji aýlawy) ýa-da şoňa meňzeş;
Helmuth Weitiň gözleg ugurlary barada giňişleýin bilim we gyzyklanma (azyndan birinde):
- Kompýuter bilimiň logikasy;
- Resmi usullar we tassyklama;
- Emeli intellektiň esaslary;
- Çylşyrymlylyk teoriýasy;
- Kompýuter howpsuzlygy;
• Iňlis dilini bilmeli.
Maliýeleşdirme:
- Iki ýylyň dowamynda ýylda 6000 ýewro.
- Tölegsiz okuw;
Arza tabşyryş prosesi:
- Talybyň tabşyryş serişdeleriniň görnüşini we talybyň resminama üçin möhüm hasaplaýan beýleki taraplaryny beýan edýän ugradyjy haty.
- CV \ Rezýume.
- Talybyň maksatnama laýyklykda okamak islemeginiň sebäplerini, maliýeleşdirmegiň näme üçin zerurdygyny, magistrlik dissertasiýasynyň dowamynda okuwçynyň haýsy mugallymlar topary bilen işlemegi gyzykly boljakdygyny we sebäbini beýan edýän höweslendiriji haty.
- Uniwesitetden bahalary barada beýan edýän kepilnama.
- Diplom we / ýa-da şahadatnamalar (birinji dereje, bakalawr derejesi ýa-da has ýokary). Eger-de diplom entek alynmadyk bolsa, uniwersitet tarapyndan gol çekilen deslapky şahadatnama berilmelidir (dereje görnüşi we garaşylýan gutardyş senesi barada maglumat bermeli).
- Iki ylmy geňeşçiniň habarlaşmak üçin maglumatlary (maslahat hatlary üçin).
- Iňlis dilini bilýändigi barada şahadatnama (TOEFL ýa-da şoňa meňzeş).
- Pasportyň nusgasy.
Nemes ýa-da iňlis dilinde bolmadyk resminamalar üçin tassyklanan terjime berilmelidir. Arzaňyz, bir PDF resminamasy görnüşinde “Application” mowzugy bilen ta.sc-cigol@retsam boýunça elektron görnüşinde iberilmelidir. PDF faýlyň ady “document.pdf” bolmaly.
Tabşyryş möhleti: 30-njy noýabr.
Soraglaryňyz bar bolsa, ta.sc-cigol@retsam habarlaşyň.
Has giňişleýin maglumat üçin: http://www.vcla.at/helmut-veith-stipend/