Eýnşteýn adyndaky talyp haky

Möhleti
15.05.2021
Arza göýbermek

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň maý aýynyň 15-i

Taslamasyny öňki gözleglerinden başga ugurda dowam etdirmek isleýän zehinli ýaşlar üçin elýeterli.

Talyp haky ýaşaýyş jaýynyň we petek tölegleriniň çykdajylaryny ödeýär, 10 000 ýewro maliýeleşdirme bilen üpjün edýär.

Maksatnamanyň beýany:

Einşteýn forumy we Daimler we Benz gaznasy, öňki gözleg ugurlaryndan başga bir taslamany durmuşa geçirmek isleýän görnükli talyplara hakyny hödürleýär. Talyp hakynyň maksady, ýöriteleşdirilen ugurda iş döretmekden başga-da, Albert Einşteýniň mysalynda beýleki dersara çemeleşmelere açyk bolanlara goldaw bermekdir.

Ylmy-barlag işini bitirenden soň, talypEinşteýn forumynda we Daimler we Benz gaznasynda açyk leksiýada çykyş eder diýlip garaşylýar.

Kriteriýalar:

Ynsanperwer, jemgyýetçilik ylymlary ýa-da tebigy ylymlar boýunça 35 ýaşdan kiçi dalaşgärlere açykdyr. 2022-nji ýyldaky arzada rezýume, geljekki gözlegleri düşündirýän iki sahypadan ybarat beýannama we iki hödürleýiş haty bolmaly.

Üstünlikli arza, teklip edilýän taslamanyň hilini, özboluşlylygyny we ýerine ýetirilişini, şeýle hem arza berijiniň ýokary intellektual derejesini görkezmelidir. Gatnaşan adamyň ylymlaryň doktor derejesiniň bolmagy möhüm däl. Teklip edilýän taslama talyp haky döwründe doly tamamlanmagy möhüm däl, ýöne has uzyn taslamanyň başlangyjy bolup biler.

Dissertasiýa gözlegleri üçin talyp hary berilmeýär. Hödürlenýän taslaman öňkilerden düzümi we görnüşi boýunça üýtgemelidir.

Bu stipendiýa, Potsdamyň we Berliniň uniwersitetlerinden we akademiki institutlaryndan gysga aralykda, Brandenburgda, Kaputda bäş-alty aý ýaşaýyşdan ybaratdyr.

Epidemiýa sebäpli talyp indiki ýyla çenli Kaputada mesgen tutup bilmez. Netijede, indiki stipendiýa 2021-nji ýyl üçin däl-de, 2022-nji ýylda berler. Öň tabşyrylan ähli arzalar indiki saýlawda serediler.

Arza bermegiň iň soňky güni 2021-nji ýylyň maý aýynyň 15-i. Arzaňyzy yzyna almak isleseňiz, öňünden habar bermelidir.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://einsteinforum.de/about/fellowship/?lang=en&doing_wp_cron=1601451375.9940838813781738281250