CENTRAL EUROPEAN Uniwersitetiniň bakalawr we magistratura derejeleri boýunça talyp haky. Awstriýa/Wengriýa
Wenada ýerleşýän, Wengriýada we ABŞ-da akkreditlenen abraýly Central European University (CEU), pikir alyşmagy höweslendirýän jemgyýetde 100-den gowrak ýurtdan gelen talyplary we mugallymlary birleşdirýär.
Uniwersitet dürli ugurlar boýunça iňlis dilinde 48 magistr derejesini, şeýle hem jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlar boýunça 2 dersara bakalawr programmasyny hödürleýär. Dürli dersler boýunça QS World University Rankings sanawynda dünýäniň iň gowy 100 uniwersitetinde ýerleşdirilen CEU mugallymçylyk we gözleg işlerinde ussatlygy bilen tanalýar.
Bakalawr derejesiniň ugurlary:
Magistr derejesiniň ugurlary:
- Aň-bilim teoriýasy
- Ykdysadyýet we işewürlik
- Daşky gurşaw ylymlary we syýasat
- Jyns bilimleri
- Taryh
- Halkara gatnaşyklar
- Hukuk gözlegleri
- Orta asyrlaryň taryhy
- Milletçilik gözlegleri
- Tor we maglumatlar ylymlary
- Filosofiýa
- Syýasat
- Döwlet syýasaty
- Jemgyýet we jemgyýetçilik antropologiýa
Wenadaky täze uniwersitet şäherçesinde ilkinji talyplaryň biri bolmak üçin, arzaňyzy tabşyryň! Awstriýanyň paýtagty yzly-yzyna on ýyl bäri dünýäde “ýaşamak üçin iň gowy şäher” hökmünde tanaşýandygyny bilýärdiňizmi? CEU hakda has giňişleýin öwrenmek üçin: www.ceu.edu/vienna.
Dünýäniň dürli künjeginden zehinli uçurymlary özüne çekmek maksady bilen, ähli ýurtdan gelen talyplara ýokary talyp haklaryny hödürlemek isleýär. 2018-2019-njy ýyllarda talyplaryň 82% -i okuw töleginden başlap, stipendiýa we ýaşaýyş jaýyna çenli maliýe kömegini aldylar. Has giňişleýin maglumat üçin: www.ceu.edu/financialaid.
Dalaşgärler üçin talaplar:
CEU-a arzaňyzy tabşyrmak üçin zerur resminamalaryň sanawy:
- Orta bilim şahadatnamasy;
- iňlis dilini bilýändigi barada şahadatnama;
- beýleki goşmaça resminamalar;
- CV \ Rezýume;
- beýýannama: CPS, PPE, QSS
- höweslendiriş haty;
- hödürleýiş haty;
- doldurylan CEU anketasy;
- söhbetdeşlik.
Aşakda CEU magistr we doktorlyk programmalaryna kabul edilmäge taýýarlyk görmek üçin zerur resminamalaryň sanawy:
- CEU doldurylan arza ceu.edu/apply
- Ylmy beýýannamalar
- Maslahatlandyryş hatlary
- Akademiki görkezijileri
- CV ýa-da rezýume
- Iňlis dilini bilýändiginiň subutnamasy (TOELF IBT 88, IELTS 6.5)
Arzaňyzy 2022-nji ýylyň 1-nji fewral aýyna çenli iberiň (23:59 CET).
Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.ceu.edu/apply