ABŞ-nyň George Washington University tarapyndan doly bakalawr stipendiýasy

Möhleti
05.01.2021
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

George Washington University (GW) ökde daşary ýurtly talyplara akademiki talyp hakyny hödürleýär. Daşary ýurtly dalaşgärler, arzalaryny tabşyranda stipendiýa üçin awtomatiki usulda seredilýär. Bu stipendiýalary almak üçin goşmaça arza talap edilmeýär.

Eger-de siz birinji kursa tabşyrýan we stipendiýa alýan bolsaňyz, doly okuwy we kanagatlanarly akademiki görkezijileri göz öňünde tutup, bakalawr okuwynyň yzygiderli 10 semestrine çenli stipendiýa kepillendirilýär. Mundan başga bellik ýok bolsa, ähli stipendiýalar we baýraklar diňe bakalawr okuwlarynyň çykdajylaryny ýapmak üçin ulanylyp bilner. Bu stipendiýalaryň göwrümi üýtgeýär.

Arza bermek prosesi.

Häzirki wagtda orta mekdepde okaýan, umumy bilim derejäňizi gutaran ýa-da orta mekdebi gutaran, ýöne hiç haçan kollej kurslaryna ýazylmadyk bolsaňyz arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz.

Arza https://www.commonapp.org/explore/george-washington-university arkaly tabşyrylmaly. Şol ýerde resminamalaryňyzy bahalaryň maglumatyny, hödürleýiş haty bilelikde iberip bilersiňiz, emma olar E-mail arkaly hem iberilip bilner. Mundan başga-da, komitet beýýannamalary, hödürleýiş haty we okuwdan daşary çäreleri göz öňünde tutýar. Islegiňize görä standartlaşdyrylan synag netijelerini tabşyryp bilersiňiz.

Tabşyryş möhleti : 5-nji ýanwar. Eger kabul edilen bolsaňyz we GW-de okamaga razy bolsaňyz, bellenilen möhletde yzyna gaýtarylmaýan giriş tölegini tölemeli we beýleki uniwersitetlere tabşyrylan arzalary yzyna almaly bolarsyňyz.

  1. Arzaňyzy tabşyryň.
    1. Writing Supplement iberiň (islege görä).
    1. Resmi bahalaryňyzyň tabelini iberiň.
    1. Goşmaça synag netijelerini tabşyryň.
    1. Iňlis dilini tassyklaýan şahadatnamany tabşyryň.

Iňlis diliniň talaplary:

  • TOEFL azyndan 90 bal; ýa-da
  • IELTS azyndan 6.5 bal; ýa-da
  • PTE Academic azyndan 61 bal; ýa-da
  • Duolingo English Test azyndan 115 bal

6. Hödürleýiş haty iberiň.

7. Maliýe ýagdaýynyň subutnamasyny beriň.

8. Goşmaça resminamalary iberiň.

9. Arzaňyzyň ýagdaýyny barlaň.

GW köp gyzyklanma programmalaryny hödürleýär, şonuň üçin dürli ugurlarda gyzyklanmalaryňyzy we güýmenjeleriňizi giňeldip bilersiňiz. Olar diňe birinji kursda okaýanlar üçin elýeterlidir.

Programmany tapyň we giriş talaplaryna serediň:

https://undergraduate.admissions.gwu.edu/international-aid

Has giňişleýin maglumat üçin: https://undergraduate.admissions.gwu.edu/