Mohamed bin Zayed adyndaky emeli intellekt uniwersiteti (MBZUAI). Masters/Phd

Möhleti
15.01.2021
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

MBZUAI – 2020-nji ýylda Abu-Dabide açylýan dünýäde ilkinji emeli intellektual ugry boýunça gözleg uniwersitetidir. Häzirki wagtda ol iki ugur boýunça magistratura (2 ýyl) we aspirantura (4 ýyl) programmalaryny hödürleýär:

  • Kompýuter görüşi;
  • Maşyn öwreniş;
  • Tebigy dilleriň gaýtadan işleýişi (2022-nji ýyldan başlar)

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-i

Kabul edilenleriň talyplaryň hemmesi 100% talyp hakyny alarlar, olara okuw, ýaşaýyş jaýy, iýmit, ýol çykdajylary, saglyk ätiýaçlandyryşy we ş.m. girýändir. Stipendiýa bütin okuw döwri boýunça berilýär.

Uniwersitet iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr;

Akademik okuw meýilnamasy, okuw, gözleg işi we hünär işjeňliginiň arasyndaky berk baglanyşyk bilen düzülendir.

Giriş talaplary:

Magistratura derejesi:

  • Tebigy ylymlar boýunça bakalawr derejesiniň diplomy. Bakalwr derejesiniň soňky ýylynda hem okaýan bolsaňyz, arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz;
  • Akademiki bahalarynyň görkezijileri (dalaşgär fakultetdäki talyplaryň iň gowy 20% -ine girmeli). Iň pes ortaça bahalaryňyz 4-den  3,2;
  • TOEFL min. 90 bal, ýa-da IELTS (Akademik) – 6.5 bal;
  • GRE synag netijeleri (islege görä);
  • Onlaýn arza bilen Höweslendiriş haty;
  • Azyndan 2 hödürleýiş haty.

Aspirantura:

  • Tebigy ugurlar boýunça magistr derejesiniň diplomy. Magistr derejesiniň soňky ýylynda hem okaýan bolsaňyz, arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz;
  • Akademiki bahalarynyň görkezijileri (dalaşgär fakultetdäki talyplaryň iň gowy 20% -ine girmeli). Iň pes ortaça bahalaryňyz 4-den  3,2;
  • TOEFL min. 90 ýa-da IELTS – 6.5 bal;
  • GRE synag netijeleri (islege görä);
  • Onlaýn arza bilen Höweslendiriş haty;
  • Gözleg taslamasynyň teklibi;
  • Azyndan 2 hödürleýiş haty;

Saýlama tapgyry iki basgançakda geçirilýär:

 Dalaşgärler zerur bolan resminamalaryň sanawyny taýýarlamaly we 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ne çenli islendik wagt onlaýn arzany tabşyrmaly. Resminamalary tabşyryş we gözden geçiriş prosesiniň üznüksizdigine üns bermegiňizi haýyş edýäris, ýagny Siziň arzaňyz alanan badyna seljerişe başlarlar we bir aýyň içinde Size jogap bererler. Okuwyň başlanýan wagty – 2021-nji ýylyň sentýabr aýy.

Ýarym finalçylar ikinji saýlama tapgyry üçin iki gün Abu-Dabidäki okuw şäherçesine çagyrylýar. Çykdajylaryň hemmesi uniwersitet tarapyndan tölenýär.

Siz uniwersitet, talyp haky we giriş barada jikme-jik maglumatlary mugt webinar üsti bilen diňläp bilersiňiz, şeýle hem, bize we saýlama komitetiniň agzalaryna islendik soraglaryňyzy sorap bilersiňiz. Gatnaşmak üçin aşakda senesi we web sahypasy:

16-njy dekabr, 16: 00-17: 00 (MSK) – https://register.gotowebinar.com/register/6411774979124876045

Eger-de Siz programmalar bilen gyzyklanýan bolsaňyz, we täze wakalar barada uniwersitetden habar býulletenini almak isleseňiz, anketany dolduryp öz maglumatlaryňyzy goýup bilersiňiz:

https://mbzuai.ac.ae/. https://mbzuai.ac.ae/

Uniwersitet barada ähli jikme-jik maglumatlary uniwersitetiň resmi web sahypasynda tapyp bilersiňiz:

https://mbzuai.ac.ae/. https://mbzuai.ac.ae/