ABŞ-daky bilim barada maslahat sapaklary (UCA)
Bakalawr maksatnamasy maslahat beriş (UCA)
Toparlaýyn maslahat beriş ABŞ-nyň kollejlerine we uniwersitetlerine girmek isleýän orta mekdep okuwçylaryna kömek etmek üçin döredilendir. ABŞ-da bakalawr okuwlary barada doly düşünmek üçin gatnaşýanlar ýylyň dowamynda EducationUSA geňeşçisi bilen habarlaşýarlar.
Aşakdakylar barada maglumat alyp bilersiňiz:
- Ýokary bilim ulgamy;
- Tabşyryş möhleti;
- Iň oňat uniwersitetler we hünärler;
- Synag;
- Stipendiýa almak üçin mümkinçilikler;
- Arzalar we talyp haklary üçin düzme ýazmak.
Talaplar:
- Amerikanyň okuwy bilen gyzyklanmaly;
- Iňlis dilini gowy bilmeli;
- Orta mekdep okuwçysy bolmaly;
- Ýokary akademiki görkezijileri bolmaly;
- Maksatlylyk we höwes;
- Maksatnama döwründe onlaýn sapaklara gatnaşmak mümkinçiligi bolmaly.
Artykmaçlyklary:
- ABŞ-nyň ýokary okuw jaýy üçin arza döretmek;
- Akademiki ýazuw endiklerini ýokarlandyrmak;
- Bäsdeşlikli SAT / TOEFL netijeleri;
- Okuwdan daşary çäreleri gowulandyrmak;
- Stipendiýa we maliýe kömegi üçin ýüz tutanyňyzda artykmaçlyk barada maglumat almak;
- Synaglar we okuw saparlaryny tölemek üçin talyp haklaryny almak mümkinçiligi.
Dowamlylygy: 2021-nji ýylyň fewral aýyndan 2022-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli (12 aý)
Formaty: onlaýn, dynç günleri sapaklary.
Arzany tabşyrmak üçin: bit.ly/UCA_2021_2022
Soraglaryňyz dörän bolsa mnurryyeva@educationusa.org ýüzlenip bilersiňiz.