British Columbia University tarapyndan bakalawr derejesiniň talyp haky (Kanada).

Möhleti
15.01.2021
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Bakalawr programmalaryna tabşyrýan görnükli daşary ýurtly talyplar her ýyl British Columbia University tarapyndan “Major Entrance Scholarship” talyp hakyny alyp bilerler. Talyp haky, orta mekdepden soň derrew dalaşgär we örän ýagşy bahalary bolan dalaşgärlere berilýär.

Bu kriteriýalara laýyk gelýän ähli talyplar awtomatiki usulda bäsleşige girýärler.

Talyp haky her ýyl okuw ýyly üçin täzelenip durýandyr!

Taltyp hakynyň mukdary: 10.000 Kanada dollary.

Üns beriň: Siz ilki bilen British Columbia University girmelisiňiz. Soňra hünäri boýunça stipendiýa üçin awtomatiki serederler. Talyp hakynyň berilmegi görkezilen akademiki üstünlikleriňize we okuwdan daşary çäreleriňize esaslanýar.

Halkara talyp haklary (IMES) bakalawr programmalaryna dalaşgär bolýan görnükli daşary ýurtly talyplara berilýär. Stipendiýa okuwyň birinji ýylynda berilýär we üç ýyla çenli uzaldylyp bilner. Her ýyl berilýän bu stipendiýalaryň sany we derejesi, bar bolan serişdelere baglylykda üýtgeýär.

Kriteriýalar:

  • Dalaşgär arzasyny ilkinji gezek tabşyrmalydyr.
  • Talyp wizasyny almak mümkinçiligi bolan daşary ýurtly dalaşgär bolmalydyr. (Raýatlyk ýagdaýyňyzdaky üýtgetmek, stipendiýany almagyňyza mümkinçilik berer).
  • Akademiki üstünlikleriňizi we intellektual ukyplaryňyzy, okuwdan daşary we jemgyýetçilik çäreleriniňzi görkezmeli.
  • Dalaşgär üstünlik we hünäri boýunça halkara stipendiýasyna gatnaşmali däldir.
  • 15-nji ýanwara çenli arzaňyzy tabşyryň.

15-nji ýanwara çenli arzaňyzy tabşyrsaňyz, Siz awtomatiki usulda stipendiýa almak üçin seredilersiňiz.

Talyp hakynyň ýagdaýy. Stipendiýa bermek karary her ýyl mart aýynyň ortalaryndan aprel aýynyň ahyryna çenli berilýär.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://you.ubc.ca/financial-planning/scholarships-awards-international-students/