
Istanbul uniwersitetiniň Cerrahpaşa bilim we gözleg merkezi, türk dilini bilmek boýunça onlaýn synagy tabşyrmagy teklip edýär.
Synag 4 esasy bölümden ybarat: okamak, diňlemek, ýazmak we gürlemek. Ekzameniň dowamlylygy 2 sagat (gürlemek içine girmeýär).
Ýazuw bölegi 80 sany soragdan ybarat bolup, uzakdan öwreniş platformasy arkaly onlaýn ýagdaýda geçirilýär. E-TYS ekzamenine baglanyşyk ekzamen güni e-poçta bilen iberiler. Gepleşik ZOOM platformasy arkaly geçiriler. Gatnaşyjy synagyň tehniki tarapy üçin jogapkärdir.
Synag netijeleri Ýewropa dil ulgamy laýyklykda aşakdaky derejeler boýunça bahalandyrylýarlar:
A1 – A2 (başlangyç dereje)
B1 – B2 (orta dereje)
C1 – C2 (ýokary dereje)
Kim tabşyryp biler?
- Türk diliniň bilimini tassyklamak isleýän adamlar.
- Türkiýäniň uniwersitetinde okamak isleýän daşary ýurtly talyplar.
Netijeleri haçan alyp bilersiňiz?
Synag netijeleri bolan şahadatnamany synagdan soň 7 iş gününiň içinde alyp bilersiňiz ýa-da, siziň islegiňiz boýunça poçta arkaly alyp bilersiňiz.
Bahasy: € 50,00
Has giňişleýin maglumat üçin: https://sem.istanbulc.edu.tr/egitimlerimiz/online-turkce-yeterlilik-sinavi-e-tys/
Hasaba alynmak üçin: https://sem.istanbulc.edu.tr/egitim-sepeti/