Belgiýanyň Leuven University tarapyndan magistr derejesine doly talyp haky.

Möhleti
15.02.2021
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

SCIENCE@LEUVEN – bu Leuven uniwersitetiniň Ylymlar fakultetiniň geologiýa, statistika, fizika we himiýa ugurlary üçin doly okuw tölegi, saglyk ätiýaçlandyryşy we bölekleýin ýaşaýyş çykdajylaryndan ybarat bolýan talyp hakydyr. Bu talyp hakynyň iň ýokary mukdary ýylda 10 000 funt. Magistr programmasynyň ilkinji iki semestri üstünlikli tamamlanandan soň, indiki ýyl üçin tölegler uzaldylýar. Belgiýada hiç haçan okamadyk we öz maksatnamasy üçin ilçi hökmünde çykyş etmäge taýyn, ýokary derejeli dalaşgärlere garaşylýar.

2021-2022-nji okuw ýyly üçin arza kabul edilişi açykdyr.

Aşakdaky ugurlara ýüz tutup bilersiňiz:

  • Himiýa
  • Geografiýa
  • Uniwersitet aralygy geologiýa magistri (diňe “Geodinamika we georesurslar” ýa-da “Ýerüsti prosesler we paleoekologiýa” hünäri boýunça girmek isleýän talyplar üçin). Başga ugurlara degişli däldir.
  • Fizika
  • Statistika

Talaplar:

  • dalaşgärler University of Leuven-de ozal okamadyk ýa-da işlemedik.
  • bakalawr derejesiniň diplomy.
  • magistratura ýa-da doktorantura derejesini almadyk dalaşgärler.
  • ýokary akademiki baha görkezijileri bolan.
  • iňlis dilini bilýän (TOEFL (azyndan 94 bal: okamak boýunça azyndan 19, diňlemek boýunça 18, gürlemek boýunça 19 we ýazuw boýunça 21) ýa-da IELTS (azyndan 7, okamak boýunça 6.5, diňlemek boýunça 6, gürlemek we ýazmak boýunça azyndan 6).
  • KU Leuveniň Ylym fakultetinde magistratura derejesini almak üçin höweslediriş haty
  • maksatnama üçin ilçi hökmünde çykyş etmek islegi bolan.

Arza bermek prosesi:

  1. Arzaňyzy KU Leuven programmasynyň üsti bilen tabşyryň. Görkezmeleri üns bilen okaň: https://www.kuleuven.be/english/application/instructions
  2. KU Leuven programmasynyň üsti bilen resminamalaryňyzy ýükläň:
  • okan kurslaryňyzyň we bahalaryňyzyň maglumatyny ECTS şkalasy görnüşinde beriň. Bahalandyrma başga şkalada bolsa, ony düşündirmegiňiz hökman.
  • tabşyrmak isleýän magistr programma taýýarlanmak üçin iň amatly hasaplaýan öňki / häzirki okuw kurslarynyň gysgaça beýany. ECTS-de görkezmelere laýyklykda kurslary suratlandyryň (mysal).
  • iki hödürleýiş haty;
  • höweslendiriş haty.

3. Ähli maglumatlary dolduranyňyzdan soň, arzaňyzy tabşyrandygyňyz barada habar beriler.

4. Science @ Leuven stipendiýasyna registrasiýany geçeniňizde, habaryň skrinşotyny (kompýuteriň ekranynyň) ýükläň.

5. Science @ Leuven stipendiýasyna tabşyrmak üçin

https://wet.kuleuven.be/apps/fund/new.php

6. E-mail üsti bilen hat alanyňyzdan soň registrasiýa tamamlanar.

Möhüm!

  • Stipendiýa almak üçin diňe ýokardaky talaplaryň hemmesine laýyk gelýän dalaşgärler serediler.
  • Magistr programmasyna kabul edilmegine garaşmazdan, siz belli bir programma resminamalaryňyzy tabşyrandan soň derrew stipendiýa tabşyryp bilersiňiz bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, magistr derejesi üçin kabul edilmeseňiz, stipendiýa arzaňyz ret ediler.

Tabşyryş möhleti: 15-nji fewral.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://wet.kuleuven.be/english/scienceatleuvenscholarship