Finlýandiýadaky Oulu University tarapyndan talyp haky.

Möhleti
20.01.2021
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Uniwersitet, halkara maksatnamalarda okamak isleýän Ýewropa Birleşiginiň raýaty bolmadyk halkara talyplary, saýlanan derslere baglylykda birinji ýylda okuw tölegleri üçin 50% -den 75% -ine çenli talyp haklaryny hödürleýär. Eger-de birinji ýylyny üstünlikli tamamlan ýagdaýynda, stipendiýa indiki ýyl üçin hem uzaldylyp bilner. “Business Analytics” programmasynda, bir ýyl okap we azyndan 60 kredit gazanandan soň, talyplar indiki ýyllar üçin okuw tölegleriniň 100% -ini öz içine alýan stipendiýa alýarlar, ýöne birinji ýylda doly mukdaryny tölemeli bolarlar. Stipendiýa almak üçin aýratyn arza tabşyrmak hökman däl, diňe gyzyklanýan maksatnamasynyň möhletinden öň resminamalary tabşyrmaly.

2021-2022-nji okuw ýyly üçin talyp haky

Okuw töleginiň 50% ödeýän talyp haky.

Ýewropa Birleşigine we Ýewropa Ekonomiki Sebitiniň sanyna girmeýän  döwletiň we Şweýsariýanyň raýaty bolmaýan daşary ýurtly talyplar üçin okuw töleginiň 50% -ini ödeýän stipendiýa programmasy. Stipendiýa birinji okuw ýyly üçin okuw tölegleriniň 50% -ini öz içine alýar.

Her okuw ýylyndan soň akademiki bahalar barlanar we talyp her okuw ýylynda azyndan 60 kredit gazansa, stipendiýa uzaldylýar. Talyp bu talaby ýerine ýetirmese, indiki okuw ýyly üçin doly okuw tölegini tölemeli bolar. Aýratyn ýagdaýlarda, talybyň okuwdan rugsat almagy (mysal üçin, agyr kesel sebäpli) bu düzgünden kadadan çykylyp biler.

Okuw töleginiň 75% ödeýän talyp haky.

Ýewropa Birleşigine we Ýewropa Ekonomiki Sebitiniň sanyna girmeýän  döwletiň we Şweýsariýanyň raýaty bolmaýan daşary ýurtly talyplar üçin okuw töleginiň 75% -ini ödeýän stipendiýa programmasy. Stipendiýa birinji okuw ýyly üçin okuw tölegleriniň 75% -ini öz içine alýar.

Her okuw ýylyndan soň akademiki bahalar barlanar we talyp her okuw ýylynda azyndan 60 kredit alsa, stipendiýa uzaldylýar. Talyp bu talaby ýerine ýetirmese, indiki okuw ýyly üçin doly okuw tölegini tölemeli bolar. Aýratyn ýagdaýlarda, talybyň okuwdan rugsat almagy (mysal üçin, agyr kesel sebäpli) bu düzgünden kadadan çykylyp biler.

Okuw töleginiň 100% ödeýän talyp haky.

Ýewropa Birleşigine we Ýewropa Ekonomiki Sebitiniň sanyna girmeýän  döwletiň we Şweýsariýanyň raýaty bolmaýan daşary ýurtly talyplar üçin okuw töleginiň 100% -ini ödeýän stipendiýa programmasy. Stipendiýa birinji okuw ýyly üçin okuw tölegleriniň 100% -ini öz içine alýar.

Her okuw ýylyndan soň akademiki bahalar barlanar we talyp her okuw ýylynda azyndan 60 kredit alsa, stipendiýa uzaldylýar. Talyp bu talaby ýerine ýetirmese, indiki okuw ýyly üçin doly okuw tölegini tölemeli bolar. Aýratyn ýagdaýlarda, talybyň okuwdan rugsat almagy (mysal üçin, agyr kesel sebäpli) bu düzgünden kadadan çykylyp biler.

Kriteriýalar:

Stipendiýa arzasy diňe dalaşgär kabul ediş kriteriýalaryna laýyk gelse barlanar. University of Oulu stipendiýasyny diňe bir gezek alyp bolýar.

EUB / EEA döwletleriň ýa-da Şweýsariýanyň raýatlary

Ýewropa Bileleşiginiň (EUB), Ýewropa Ekonomiki Sebitiniň we Şweýsariýanyň raýaty bolýan talyplar halkara bakalawr we magistratura derejeleri üçin okuw tölegini tölemeli däldirler.

EUB / EEA döwletleriň raýaty bolmaýan:

EUB / EEA döwletleriň ýa-da Şweýsariýanyň raýaty bolmaýan talyplar okuw tölegini tölemelidirler.

Kadadan çykmalar:

  • Finlýandiýada ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolanlar (A ýa-da P görnüşi ygtyýarnama)
  • Finlýandiýada üçünji ýurt raýatlary üçin EUB-de ýaşamak üçin ygtyýarnama (P-EU görnüşli ygtyýarnama)
  • EUB / EEA raýatynyň maşgala agzasy (ýanýoldaşy ýa-da çagasy) (EUB raýatlarynyň maşgala agzalary üçin ýaşamak üçin ygtyýarnama bar bolanlar, ýöne EUB-ne girmeýän)
  • Finlýandiýanyň gök kartoçkasy bolanlar

2021-2022 ýyl üçin halkara stipendiýasyna arza.

Halkara stipendiýa üçin arzalar Studyinfo portalda ileri tutulýan okuw arzalary bilen bilelikde tabşyrylmalydyr.

Tabşyryş möhleti 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 7-den 20-ne çenli (GMT 15.00).

Stipendiýa üçin saýlawynyň kriteriýalary:

Giriş we talyp haky kararlary bir wagtda kabul ediler. Halkara stipendiýasyny üstünlikli alan talyplara, şol bir wagtyň özünde halkara okuw meýilnamasyna kabul etmek teklibi tassyklanar. Saýlaw ölçegleri öňki akademiki görkezijilere we akademiki mümkinçiliklere esaslanýar.

2021-2022-nji okuw ýyly üçin okuw tölegleri we talyp haky. Pul mukdary halkara maksatnamasyna baglylykda üýtgeýär we ýyllyk üýtgeşmelere sezewar edilýär.

Okuw tölegi 2021-nji ýylyň maý aýynyň 30-na çenli tölenmeli. Okuw tölegi tölenmese, talybyň girişi ýatyrylýar.

UgurlarAkademiki ýylyň nyrhyTalyp haky
BinagärlikEUR 13 00075%
BiohimiýaEUR 13 00075%
Biomedikal inženerligiEUR 10 00075%
Biznes analitikasyEUR 13 0001-nji ýyl üçin doly okuw tölegi, 2-nji ýyl üçin 100% stipendiýa*
Durnukly prosesleriň we materiallaryň himiýasyEUR 12 00075%
Informatika we inženerçilikEUR 10 00075%
Sanlaşdyrmak, hasaplamak we elektronika (5 ýyllyk maksatnama)EUR 10 00075%
Daşky gurşaw inženerligiEUR 10 00075%
Ekologiýa we ilat genetikasyEUR 12 00075%
Mineral baýlyklar we durnukly magdanEUR 10 00075%
YkdysadyýetEUR 12 00050%
BilimEUR 13 00075%
Epidemiologiýa we biomedikal maglumatlarEUR 10 00075%
Elektron we aragatnaşyk tehnologiýasyEUR 10 00075%
MaliýeEUR 12 00050%
Maliýe we dolandyryş hasabyEUR 12 00050%
Medeniýetara mugallymçylyk bilimi (5 ýyllyk maksatnama)EUR 13 00075%
Halkara iş dolandyryşyEUR 12 00050%
Okuw, bilim we tehnologiýaEUR 13 00075%
MarketingEUR 12 00050%
Önümiçiligi dolandyrmakEUR 10 00075%
Bütindünýä  gurşawda programma üpjünçiligini, ulgamlary we hyzmatlary ösdürmekEUR 10 00075%
Simsiz aragatnaşyk inženerçiligiEUR 10 00075%

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.oulu.fi/university/masters/scholarships