Universitet Utrecht tarapyndan magistratura derejesine talyp haky (Gollandiýa)

Möhleti
31.01.2021
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Universitet Utrecht, 2021-22-nji okuw ýyly üçin Ýewropa Bileleşiginiň daşary ýurtlaryň raýatlaryna 20-25 sany talyp haklaryny hödürleýär. Uçurym bolan uniwesritetiňizde iň gowy 10% talyplaryň sanawyna girmeli. Saýlaw ýerine ýetiriş we höweslendirişe esaslanýar. Talyp haky okuw tölegini ödeýär we goşmaça 11.000 ýewro mukdarynda stipendiýany gazanmaga mümkinçiligiňiz bolar.

Kriteriýalar:

  • Siz iň gowy uçurymlaryň biri bolmaly (Uçurymlaryň iň gowy 10% sanawyna girýändigiňizi subut etmeli (uniwersitet tarapyndan gol çekilen we möhürlenen arza, hödürleniş haty, şahadatnama we ş.m.))
  • Siz Ýewropa Birleşigine we Ýewropa Sebitiniň ýurtlaryna girmäýan raýaty bolmaly we Gollandiýanyň stipendiýa we karz ulgamy boýunça stipendiýa almaýan bolmaly;
  • Gollandiýanyň daşynda alnan bakalawr diplomyňyz bolmaly;
  • 2021-nji ýylyň sentýabry aýynyň başynda halkara magistr programmasy üçin arzaňyzy tabşyrmaly. (Gatnaşýan programmalaryň sanawyny barlamak üçin http://www.uu.nl/masters/en/general-information/international-students/financial-matters/costs-studying-and-living)
  • Gollandiýada okamak we ýaşamak üçin wizany / ýaşamak üçin rugsatnamany almana mümkinçiligiňiz bolmaly.
  • Ýokary akademiki görkezijiler.
  • Höweslendiriş hatynyň hili (akademiki mazmun, medeniýetler we aragatnaşyk ukyplar, şahsy höwes).
  • Arzanyň hili (dolylygy, takyklygy, yzygiderliligi).

Bu kriteriýalaryň birine ýa-da birnäçesine laýyk gelmeseňiz, bu stipendiýany gazanyp bilmersiňiz.

Talyp hakyň mukdary:

  • okuw tölegi
  • okuw tölegi we ýaşamak üçin 11,000 ýewro

Grant doly stipendiýa bolmansoň, size goşmaça maliýeleşdirme gerek bolar. Gollandiýada ýaşamak üçin rugsatnama talap edýän talyplar IND-e (Immigrasiýa we naturalizasiýa Müdirligine) ýeterlik maliýeleşdirmesiniň bardygyny subut etmeli. Uniwersitet tarapyndan maslahat berlen býudjet hakda has giňişleýin maglumat alyň.

Stipendiýanyň sany

2021-2022-nji okuw ýylynda alty sany ýokary okuw mekdebiniň arasynda paýlanjak 20-25 sany stipendiýa berler.

Stipendiýa okuw meýilnamasyna baglylykda bir ýyldan iki ýyla çenli berilýär. Talyp, diplom derejesine kanagatlanarly öňe gidýän bolsa, ikinji ýyl üçin hem stipendiýany alyp biler.

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-i (23:59 CET).

Magistr programmasyna gatnaşmak üçin ýüz tutan bolsaňyz, arzaňyz serediler. Ünüs beriň, käbir ýagdaýlarda 1-nji dekabra çenli arzaňyzy tabşyrmalysyňyz «When to apply» bölümininiň «Admission and application of your master’s programme» bölümini barlaň.

Arza tabşyryş prosesi:

Magistr programmasy üçin arza tabşyrandan soň, dalaşgärler 1-nji noýabrdan “Utrecht Excellence” stipendiýasyna tabşyryp bilerler.

Fewral aýynda öz maksatnamasyna başlaýan talyplaryň “Utrecht Excellence” stipendiýasyna gatnaşyp bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.

  1. Magistratura derejesini almak üçin arzňyzy birinji tabşyryň. Magistratura derejesine arza tabşyrman talyp hakyna birinjilik bilen tabşyrsaňyz, UES arzaňyz ret ediler.
  2. Magistr derejesine tabşyrandan soň, Osiris Online Application geçiň.
  3. Adyňyzy we parolyňyzy ýazyp giriň.
  4. «New application» baglanyşygyna basyň.
  5. UES soraglaryna jogap beriň we resminamalary ýükläň.
  6. Arzaňyzy tabşyryň.

Maliýeleşdirme:

Stipendiýa üçin maliýeleşdirme Universiteit Utrecht tarapyndan döredilen, Universiteit Utrecht stipendiýa gaznasyndan we Universiteit Utrecht uçurymlarynyň goşantlaryndan gelýär.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.uu.nl/masters/en/general-information/international-students/financial-matters/grants-and-scholarships/utrecht-excellence-scholarships