Yessay: Milletçilik mowzugy boýunça düzme bäsleşigi

Möhleti
11.01.2021

Merkezi Ýewropa Uniwersitetinde Milletçiligi öwreniş fakulteti, milletçiligi öwreniş maksatnamasynda okamagy meýilleşdirýän dalaşgärler we bakalawr derejesiniň talyplary üçin düzme bäsleşigini gurnaýar. Bu bäsleşik ýokary okuw jaýyna gireniňizde artykmaçlyklaryňyzy artydyrmak üçin gowy pursat bolup biler, şeýle-de hem milletçilik ugry boýunça okaýan talyplardan pikirlerini alyp, öz hyýallaryňyzy özgerdip bilersiňiz. Bäsleşik 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 4-ne, merkezi ýewropa wagty (CET) sagat 8: 00-da başlar. Milletçilik barada (www.nationalism.ceu.edu) sahypada üç sany düzme mowzugy bolar. Mundan soňra düzme ýazmak we tabşyrmak üçin size 7 gün berilýär. Soňra milletçilik ugry boýunça okaýan talyplar baha bererler we gaýtargy ýazarlar. Ýeňijiler 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 21-de Milletçilik gözleg web-sahypasynda yglan edilerler.

Baýraklar:

1-nji, 2-nji we 3-nji ýerler üçin Milletçilik Barlaglary bölümine arzaňyzy tabşyrsaňyz, şahsy söhbetdeşlik + CEU önümi.

4-nji we 5-nji ýerler sowgatlar beriler.

Iň gowy 5 esse saýtda çap ediler.

Düzgünler:

1. Düzmäniň mowzugy 04.01.2021 sagat 8: 00-da çap ediler (CET wagty boýunça).

2. Tabşyryş möhleti: 11.01.2021 sagat 23:59 CET.

3. Gatnaşyjylar diňe bir düzme tabşyryp bilerler.

4. Ulanylan edebiýaty sanawy bolmaly (bibliografiýa). Sitata formaty islegiňize görä bolup biler.

5. Düzme 1000 sözden köp bolmaly däldir.

6. Titul sahypada mowzugyň ady, dalaşgäriň ady bolmalydyr.

7. Düzme iňlis dilinde ýazylmalydyr, bahalandyrma grammatiki ýa-da orfografiki ýalňyşlyklara esaslanmaz.

8. Düzmäňizi PDF faýly formatynda, “Familiýaňyz_Adyňyz_NatEssayComp” diýip atlandyryp, e-mail temasyna “Yessay” ýazyp, nationalism@ceu.edu elektron poçtasyna iberiň.

Goşmaça soraglaryňyz bar bolsa arin.agic@gmail.com bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.