Prep4Success maksatnamasy (2021-nji ýylda onlaýn formatynda geçer)

Möhleti
04.02.2021
Arza göýbermek

Siz orta bilimiňizi aldyňyzmy? TOEFL syngdan ýokary bal almakda kynçylyk çekýärsiňizmi? SAT bilen tanyşdyňyzmy? Akademiki derejede okamagy we ýazmagy bilýärsiňizmi? Amerikan uniwersitetlerine arzany tabşyrmana kömek etjek düzmäni nädip ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy?

Türkmenistandaky Amerikan Geňeşleri Prep4Success maksatnamasyna arzaňyzy tabşyrmaga çagyrýar:

  • Kurs 18 hepdeden ybarat bolýar (hepdede 4 gün).
  • Kurslar 2021-nji ýylyň ýaz paslynda onlaýn formatynda geçiriler.
  • Gatnaşyjylar kompýuter, planşet ýa-da smartfon arkaly internete girmeli; tabşyryklar e-mail ýa-da Google classroom arkaly iberiler.

Kurslar TOEFL, SAT, akademiki okamak we ýazmak taýýarlykdan ybarat, şeýle-de hem ABŞ-nyň kollejine ýa-da uniwersitetine nädip arzany tabşyrmalydygyny öwrenip bilersiňiz. Tejribeli hünärmenler, barlanan kitaplary we usullary ulanyp bulary düşünmäge kömek ederler.

Kriteriýalar we talaplar:

  1. Orta mekdebi gutarandygy barada  şahadatnamasy bolmaly;
  2. Heniz yokary okuw bilimi almadyk bolmaly;
  3. Turkmenistanda we daşary döwletleriň insitutyň ya-da uniwersitedyň talyby bolmaly däl (hünärmen mekdepleriniň okuwçylary arzalaryny tabşyryp bilerler);
  4. Iňlis dilini bilmek;
  5. ABŞ-da okamak islegli bolmaly;
  6. 18 hepdelik intensiw taýýarlyk kursyny gutarmaga mümkinçiligi bolmaly;
  7. Kyýynçylyklara taýar bolmaly!

Resminamalaryň sanawy: hemme resminamalary elektron görnüşde tabşyrmaly:

  • Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmak üçin doldurylan arza (http://americancouncilstm.org/p4s/?lang=tm );
  • Orta mekdepdäki baha görkezijileriň maglumaty;
  • Iňlis dilinde ýazylan hödürleýiş haty;
  • Rezýume;
  • Içerki pasportyň nusgasy.

Ähli resminamalar 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 4-i agşam sagat 17:30 çenli e-mail arkaly iberilmeli: associatep4s@americancouncilstm.org

Has giňişleýin maglumat üçin +99365 27 73 08 jaň ediň

Synaga diňe doly doldurylan arzalaryň dalaşgärleri çagyrylar.

Çeşme: http://americancouncilstm.org/p4s/?lang=tm