Italiýanyň Padua University tarapyndan bakalawr we magistratura derejeleri üçin talyp haklary

English
Möhleti
02.02.2021
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Maksatnamanyň doly ady: Padua International Excellence Scholarship Programme

Padua uniwersiteti Padua şäherinde bakalawr ýa-da magistr derejesini iňlis dilinde okamak isleýän zehinli talyplara talyp haklaryny hödürleýär. Talyp hakyny diňe üstünlikleri we akademiki görkezijileri ýokary bolan dalaşgärler alyp bilerler. Şeýle-de hem üstünlik gazananlara, birnäçe çärede uniwersitetiň wekilçiligini etmegi wada bererler.

Talyp hakynyň mukdary: ýylda 8000 ýewro. Talyplaryň her ýyl tölemeli ýeke-täk mukdary sebitleýin salgyt tölegi we marca da bollo.

Dowamlylygy:

  • Magistr derejesi üçin 2 ýyl;
  • bakalawr derejesi üçin 3 ýyl.

Kriteriýalar:

  • Padua uniwersitetinden bakalawr ýa-da magistr derejeleriniň birinde okamak isleýän dünýäniň dürli künjeklerinden zehinli daşary ýurtly talyplar. https://www.unipd.it/en/english-degrees
  • Italiýanyň raýaty bolmaly däl (goşa raýatlykda italiýa raýatlygy bolup biler);
  • Italýan däl daşary ýurt orta mekdebinden şahadatnama (bakalawr derejesi üçin) ýa-da italýan däl bakalawr derejesiniň diplomy (magistr derejesi üçin);
  • Italiýada ýaşamaýan;
  • Ýokardaky programmalaryň birine ýa-da birnäçesine gatnaşmak üçin arzaňyzy tabşyryň (umuman 3 programma tabşyryp bilersiňiz).

Saýlanan okuw meýilnamasyna ýüz tutmak üçin talap edilýänlerden başga aýratyn arzany ýa-da goşmaça resminamalary tabşyrmagyň zerurlygy ýok.

Saýlaw kriteriýalary: dalaşgärler akademiki, akademiki hil we öňki okuw netijelerine görä saýlanýarlar.

Saýlaw netijeleri:

Ähli netijeler www.unipd.it/en/assessement-results web sahypasynda aşakdaky tertip laýyklykda çap ediler:

• 2021-nji ýylyň mart aýynyň 10-dan – açyk giriş bilim maksatnamalary üçin (tabşyryş möhleti: 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň 2-den – 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 2-ne çenli);

• 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 8-den – çäkli ygtyýarly bilim programmalary üçin (tabşyryş möhleti:  2021-nji ýylyň  ýanwar aýynyň 7-den – mart aýynyň 7-ne çenli);

• IMAT synagynyň netijeleri çap edilenden soň – lukmançylykda we hirurgiýada.

Size Padua International Excellence Fellowship hödürlenýän bolsa, kabul etmegiň tertibi we möhleti bilen Padua International Excellence Fellowship teklibini alarsyňyz. Talyp hakyny gazanmal üçin başga grantlar bolmaly däl. Padua geleniňizden soň talyp hakynyň ilkinji bölümini alarsyňyz. Talyp hakyny almak üçin şertler arza çagyryşynda jikme-jik görkezilýär.

Töleg tertibi: talyp haky anketa habarnamasynda görkezilen talaplara laýyk gelenden soň her okuw ýyly üçin 4000 funt sterling mukdarynda iki bölekde tölener.

Maglumat: Global Engagement Office – kabul ediş topary: international.admission@unipd.it

Web-sahypasy: https://www.unipd.it/en/scholarships