Global UGRAD 2021-2022 – Talyplar üçin halkara alyş-çalyş maksatnamasy

English
Möhleti
28.02.2021
Arza göýbermek

Talyplar üçin niýetlenen Global UGRAD halkara alyş-çalyş maksatnamasy häzirki wagtda şu maksatnamanyň geçirilýän ýurtlarynyň islendik birinde okap ýören türkmen raýatlary bolan talyplardan anketalary kabul edýär.

Ýurtlaryň doly sanawy, maksatnama baradaky maglumatlar, şeýle hem anketanyň salgysy maksatnamanyň internet sahypasynda ýerleşedirilendir. https://www.worldlearning.org/program/global-undergraduate-exchange-program/

Talyplar üçin halkara alyş-çalyş maksatnamasy (Global UGRAD) ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň maksatnamasydyr. Maksatnama ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplara bir ýa iki okuw semestriniň dowamynda ABŞ-nyň akkreditirlenen uniwersitetlerinde okamaga mümkinçilik berýär. Maksatnama boýunça okuwyny gutarandan soň talyplar öz ýurdynda okaýan ýokary okuw mekdeplerinde ýene-de bir okuw semestriniň dowamynda okamalydyrlar. Gatnaşyjylar açyk bäsleşik boýunça we başarnygy esasynda saýlanarlar. Anketalar ähli ugurlar boýunça kabul edilýär. Medisinany öwrenýän talyplar (şol sanda şepagat uýaçylygy, stomatologiýa, farmakologiýa, mal lukmançylygy we kliniki barlaglaryň beýleki ugurlary) alyş-çalyş maksatnamalaryň düzgünleri boýunça näsaglar we şol sanda jandarlar bilen gönümel işlemeklige rugsat berilmeýandigini nazara tutmalydyrlar. Şol sebäpli hem okuw işleriniň we çäreleriniň görnüşleri çäkli bolup biler.

Şu maksatnama 2021-nji ýylyň güýzünde başlayar we 2022-nji ýylyň baharynda gutarýar.

Global UGRAD maksatnamasy hiç hili okuw derejesini bermeýär we Amerikan uniwersitetinden gatnaşyjynyň öz ýurdundaky uniwersitetine okuw bahalaryny geçirmäge goldaw bermeýär.

Maksatnama gatnaşyjylar:

  • Akademiki maksatnamanyň dowamynda ABŞ-nyň uniwersitetleriniň gündizki bölümde okarlar;
  • Öz ugurlary boýunça azyndan iki dersi we Amerikany öwreniş ugrundan, mysal üçin taryh, edebiýat, sungat ya-da Amerikanyň hökümeti predmetlerinden azyndan birini almalydyrlar;
  • Azyndan 20 sagat meýletin jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirmeli;
  • Maksatnamanyň dowamynda hünär öwreniş okuwyny geçmeli.

Birinji ýyl talyplar iki ýyllyk kollejlere kabul ediler we olar maşgalalarda ýa-da umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşarlar. Beýleki talyplar dört ýyllyk uniwersitetlere ýa-da kollejlere kabul ediler we umumy ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirilerler.

Maksatnamanyň başlaýan döwründe gatnaşyjylaryň ýaşy azyndan 18 ýaş bolmalydyr.

Bu maksatnama ähli çykdaýjylary öz içine alýar:

  • J-1 görnüşli wizany almak üçin goldaw;
  • Maksatnama gatnaşmak üçin gidiş-geliş ýol harajatlary;
  • Saglyk ätiýaçlandyrmasy;
  • ABŞ-daky okuw tölegleri;
  • Ýaşaýyş jaýy we iýmit çykdaýjylary;
  • Uly bolmadyk çykdaýjylar uçin aýlyk talyp haky;
  • Okuw esbaplaryny satyn almak üçin çäkli pul serişdesi;
  • Maksatnamanyň uçurymlary üçin hünär taýdan kämilleşmek boýunça giň okuw mümkinçilikleri;

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýän dalaşgärler aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • Doly doldurlan anketa
  • Daşary ýurt pasportynyň nusgazy
  • Tabel ya-da bahalaryny görkezýän başga resminama
  • Iki sany häsiýetnama haty (iňlis diline terjimesi bilen)

Anketalary kabul etmegiň iň soňky güni: 2021-nji ýylyň 28-nji fewraly.

Goşmaça maglumat üçin ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine ýüz tutup bilersiňiz: elektron poçta arkaly hat iberip bilersiňiz: AshgabatEducation@state.gov ýa-da www.worldlearning.org/ugrad

Anketalary doldurmak boýunça gollanma  https://tm.usembassy.gov/tuk/education-culture-tk/exchange-programs-tk/global-ugrad-tk/

Şu saýtda onlaýn doldurmaly: www.worldlearning.org/ugrad.

Doly maglumat https://tm.usembassy.gov/tuk/education-culture-tk/exchange-programs-tk/global-ugrad-tk/