Rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwredýän kurs (ylmy sözleýiş usuly)

Möhleti
15.02.2021
Arza göýbermek

Bu kurs, ylmy we tehniki tekstleri taýýarlamakda grammatiki gurluşlarynyň ulanylyş endiklerini emele getirýär, rus diliniň esasy grammatikasyny giňeldýär, hünär aragatnaşyk endiklerini ösdürýär.

Sene: 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 15-den- iýun aýynyň 30-na çenli.

Kurs sözleýişiň ylmy usulynyň esasy grammatiki gurluşlaryny hususan-da, tehniki substiliniň gurluşlaryny öwrenmäge bagyşlanýar. Okuwyň esasy maksady, daşary ýurtly talyplarda fiziki we tehniki ugry bolan ylmy tekstleri başarnykly ýazmak endigini döretmekdir.

Okuw materialy düşündirilende döwrebaplaşdyrylan tehnologiýalar grammatiki modelleriň we gurluşlaryň usuly, tematiki grammatiki gurluşlaryň bloklaryny ulanyp, belli bir temada ylmy tekstiň “gurluşygy” ýaly usullar ulanylar.

Okuw tamamlanandan soň, talyplar aşakdaky netijeleri gazanyp bilerler:

1) köplenç ylmy we tehniki tekstlerde ulanylýan grammatiki gurluşlary dogry ulanmak endikleri;

2) fiziki we tehniki ugry bolan ylmy tekstleri başarnykly düzmek ukybyny döretmek.

Format

Bu kursda, sözleýişiň ylmy stiliniň ýygylyk gurluşlarynyň grammatikasyny, ylmy tekstleri bu gurluşlar bilen düzmegiň düzgünlerini, şeýle hem synag we gözegçilik meselelerini düşündirýän wideo leksiýalary bar.

Bu kurs 10 okuw hepdeden ybaratdyr, hepdelik 6 sagat.

Has giňişleýin maglumat we kursa ýazylmak üçin: https://openedu.ru/course/mephi/mephi_005_writing_tech/