Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň harby-deňiz instituty okuwa kabul etmegi açyk diýip yglan etdi.
Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň harby-deňiz institutyna 2021-2022-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibini anyklady. Bu bildiriş “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.
Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän türkmenistanyň raýatlary, giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär:
– orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;
– türkmenistanyň goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlar;
Dalaşgärleriň ýaş derejesi 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.
Dalaşgärleriň resminamalary, ýaşaýan ýerlerinde harby komissarlar tarapyndan kabul ediler. Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça giriş synaglary kabul edilýär.
Resminamalar 2021-nji ýylyň maý aýynyň 1-ne kabul edilerler.
Telefon: 800-243 7-98-24; 7-81-47; 7-97-34.