Talyplar we ýaş hünärmenler üçin Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň açyk halkara olimpiadasy “Petropolitan Science (Re)Search”

Möhleti
01.03.2021
Arza göýbermek

PS(R)S näme?

Petropolitan Science (Re)Search , talyplar we ýaş hünärmenler üçin Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň açyk halkara olimpiadasydyr. Intellektual ýaryşlar 17 ugurlar (jemgyýetçilik ylymlary, sungat, lingwistika, halkara gatnaşyklary, matematika, fizika, himiýa we ş.m.) boýunça geçirilýär. Olimpiadada çäksiz ugurlary saýlap  bilersiňiz!

Kim üçin döredildi?

Bakalawr, magistr ýa-da ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlary. Gatnaşmak mugt.

Näme üçin gatnaşmaly?

Olimpiada zehinli ýaş hünärmenleri çuňňur bilim we giň ylmy dünýägaraýyş bilen sylaglamak üçin döredildi. PS (R) S Olimpiadasynyň ýeňijileri okuw ugruna baglylykda, Sankt-Peterburg uniwersitetinde magistr we aspirantura kabul edilenden soň aýratyn üstünlikler üçin 100-e çenli goşmaça bal alyp bilerler. Mundan başga-da gatnaşyjylar adaty uniwersitet gönükmelerinden ýokary geçip, öz hünär ugurlarynda gözlegleri we döredijiligi açyp bilerler.

Ýeňijiler näme alarlar?

PS (R) S Olimpiadasynyň netijeleri Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetinde magistr we aspirantura kabul edilende hasaba alynýar. Ýeňijiniň diplomy, okuwyň ugruna baglylykda, eýesine 100 goşmaça bal berýär. Magistr we aspirantura derejeleri üçin dalaşgärleriň gazanan üstünlikleriniň doly sanawyny kabul ediş toparynyň web sahypasynda tapyp bilersiňiz.

Olimpiada dürli meselelerden ybaratdyr:

  • Ylmy-barlag işlerini taýýarlamak we olaryň netijelerini goramak;
  • Meseleleri çözmek we ýerine ýetirmek;
  • Goşmaça ýazuw tabşyryklar – soraglara jogap.

Gatnaşyjylaryň bilimlerine we başarnyklaryna has takyk baha bermäge mümkinçilik berýän Olimpiadanyň ugryna görä geçiriler.

Hasaba almak we ýüklemek boýunça görkezmeler. https://psrs.spbu.ru/images/files/Instruktsia_po_registratsii.pdf

Bu ýyl “Ýer şary barada ylymlary” we “Sungatyň taryhy” ugurlaryndaky Olimpiada gatnaşyjylar diňe bir diplom almak bilen çäklenmän, Gazpromneft YTM (ylmy-tehniki merkezi) we Gözleg muzeýiniň wekilleri tarapyndan sapaklara / leksiýalara / çykyşlara gatnaşmaga mümkinçilik alarlar, şeýle-de hem  tölenilmeýän tejribede gatnaşmaga garaşyp bilerler. Has giňişleýin maglumat “Ýer şary barada ylymlary” we “Sungat taryhy” sahypalarynda ýerleşdiriler.

Intellektual bäsleşigiň saýlama tapgyry 15-nji oktýabrda başlar we 2021-nji ýylyň mart aýynyň 1-ne çenli dowam eder. Onlaýn amala aşyrylar. Bu tapgyrda, gatnaşyjylar profil düzgüniniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup işlenip düzülen dürli görnüşli işleri ýerine ýetirmeli: ylmy-barlag işi, akademiki düzme ýazmak ýa-da ylmy taslama hödürlemek, synagdan geçmek, wideo görkeziş taýýarlamak bolup biler.

Soňky tapgyr onlaýn we oflaýn tertipde geçiriler (guramaçylyk komitetiniň kararyna görä). Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat bolýan emin agzalarynyň öňünde on minutlyk gorag – şuňa meňzeş synag soňky tapgyrda bolar. Aýry-aýry dersler üçin goşmaça ýazuw synagy hem berilýär.

Olimpiada çuňňur bilimli we giň ylmy dünýägaraýyşly zehinli ýaş hünärmenleri goldamak üçin döredildi. Onuň netijeleri magistr we aspirantura kabul etmek üçin göz öňünde tutulýar. Ýeňijiniň diplomy, eýesini 50-den 100 bal aralygyny berer (saýlaýan ugruna baglylykda).

Olimpiadanyň tertibi https://psrs.spbu.ru/images/files/2020_grafik.pdf

Has giňişleýin maglumat üçin: https://psrs.spbu.ru/