“Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyñ talyby tarapyndan üstünlikli okuwa giriş hekaýasy

45
thumbnail

Stipendium Hungaricum talyp haky barada nädip eşitdiňiz? Arzaňyzy nädip tabşyrdyňyz? Kabul ediş prosesi haçan geçdi?

Dekabr aýynyň ortalarynda men tötänleýin Türkmenistan gazetiniň soňky sahypasynda Stipendium Hungaricum (SH) talyp haky barada mahabaty gördüm. Şäherimde zerur resminamalary ýygnap başladym we resminamalary tabşyrmak üçin Aşgabat şäherindäki Halkara Ynsanperwer we Ösüş Uniwersitetine bardym, resminamalaryň tabşyryş möhleti dekabr aýynyň 21-den 30-na çenlidi we 10 (on) günüň içinde resminamalary tabşyrmagyň käbir kynçylyklary bilen ýüzleşjekdigimi düşündim. Ýöne men elimden gelenimi etdim we soňky güne çenli garaşdym, resminamalarymy tabşyranymda birnäçe sapar üç arka maglumatlarymy üýtgetdim, AIDS kepilnamasyny aldym, we täzeden surata düşdüm. Üns beriň: AIDS barada şahadatnamany öz şäheriňizden getirmegi ýatdan çykarmaň!

Arza tabşyrmagyň tapgyrlary haýsylar? Olary üstünlikli geçmek üçin näme gerek?

Birinji ädim resminama tabşyrmak. Ikinji möhüm ädim bolsa ýanwar aýynyň  5 – 7-si aralygynda Bilim ministrligi we Aşgabat şäherindäki Halkara Ynsanperwer we Ösüş Uniwersiteti tarapyndan gurnalan giriş synaglaryndan geçdim. Mekdep dersleri boýunça synag test görnüşinde boldy. Synag gaty kyn bolmady, esasy zat mekdep meýilnamasyny ýatda saklamakdy. Hemme zat adalatly boldy. Synaglardan geçenimden soň, Bilim ministrliginiň razylygy bilen Wengriýa döwletiniň SH programmasynyň web sahypasynda öz profilimi döretdim we zerur maglumatlary doldurdym, höweslendiriş hatymy ýazdym we ähli resminamalaryň asyl nusgalaryny we iňlis dilindäki terjimesini ýükledim. Şeýle hem, sahypany dolduranyňyzda, hünäriňiz boýunça üç uniwersitet saýlamaly. Uniwersitetiň mugallymlary tarapyndan agzalyk sahypany döretmek boýunça  prezentasiýa görnüşinde ýörite bir sapak gurnaldy. SH programmasy üçin resminamalary tabşyrmagyň iň soňky güni 15-nji ýanwardy, ýöne her ýyl bu möhlet üýtgäp bilýändir. Wengriýa döwleti resminamalary alnan gününden başlap e-mail arkaly habar berer. Fewral aýynyň ahyryna Wengriýa tarapy SH-a iberen resminamalarymyzy gözden geçirdi we maňa kandidatura berdi, bu bolsa indiki saýlama tapgyryna kabul edilendigimi aňladýardy. Soňra SH resminamalarym saýlan üç uniwersitetime SH tarapyndan iberildi. Ondan soň, bir uniwersitetden e-mail aldym we söhbetdeşlige çagyryldym. Käbir uniwersitetler onlaýn synaga hem çagyryp bilýärler. Synagdan ýa-da söhbetdeşlikden üstünlikli geçeniňden soň, okuw çakylygyny iberýärler.

Uniwersitetleri nädip saýladyňyz? Uniwersitet saýlanyňyzda nämäni ýatda saklamaly diýip pikir edýärsiňiz?

Men profilimdäki baş sahypadaky sanawdan üç sany uniwersitet saýladym. Olaryň her biri barada goşmaça maglumat uniwersitetleriň web sahypalarynda bardy. Saýlamazdan ozal men diňe bir uniwersitet tarapyndan hödürlenýän programmalara dälde, eýsem olaryň talaplaryna-da göz aýladym – mysal üçin, iňlis dilini tassyklamak üçin (IELTS, TOEFL) şahadatnama gerekmi? Şahadatnamam ýoklugy sebäpli IELTS talap etmeýän uniwersiteti saýladym. Bu proses mart aýynyň ortalaryndan maý aýynyň ahyryna çenli dowam edýär. Käbir ýagdaýlarda iýun aýynyň ortalaryna çenli hem dowam edýär.

Arzaňyzda üstünlik gazanmaga näme kömek etdi diýip pikir edýärsiňiz?

Uniwersitetleriň biri meni saýlandan soň, kabul ediş topary Skype arkaly meniň bilen söhbetdeşlik geçirdi. Meniň pikirimçe gepleşigiň dowamynda gyzyklanmamy, bilimimi we okamak islegimi görkezenim sebäpli meniň arzam üstünlikli kabul edildi. IELTS, TOEFL şahadatnamam ýok bolsa-da,  meni okuwa kabul etdiler. Men diňe dil merkezlerinden alan şahadatnamalarymy görkezdim, şonuň üçin her kimiň okuwa girmek mümkinçiligi bar diýip pikir edýärin.