Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň onlaýn kurslary.

147
thumbnail

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetinde (SPbGU) onlaýn kurslar ýokary okuw jaýyna girmek üçin başarnykly taýýarlyga gönükdirilendir. SPbGU-nyň mugallymlary, tejribeli praktikler tarapyndan işlenip düzüldi we onlaýn alnyp barylýar. Bu format islendik wagtda okamaga, täze bilim almaga we okuwyň daşynda başarnyklary berkitmäge mümkinçilik berýär, her kursy özleşdirmek üçin hepdede birnäçe sagat gerek bolar.

SPdu-nyň onlaýn kurslaryny mugt geçip bolýar, ýöne şahadatnama almak üçin synagyň tölegini geçirmeli (bahasy 1800 rubl) we synagy üstünlikli geçmeli (tutuş synagdan 60% -i gazanmaly).

Onlaýn kursyň şahadatnamasy näme üçin gerek bolar?

  1. Ballaryň sany we okuw meýilnamasynyň üstünlikli tamamlanmagy baradaky maglumatlaryndan ybarat bolýan şahadatnamanyň esasynda, uniwersitetiňizde geçen dersiňizi täzeden ýazyp bilersiňiz. Şeýle hem, şahadatnama CV-ňize we rezýumeňize ajaýyp goşant goşup biler.
  2. Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň magistr we aspirantura derejesine arzaňyzy tabşyraňyzda onlaýn kurslaryň şahadatnamasy dalaşgäre 5 goşmaça bal berer.
  3. Bakalawr we hünärmen derejesine okuwa girende artykmaç bal berýär.
  4. Esasy okuwyňyza degişli bolmaýan kurslara gatnaşsaňyzam, çykarylyşy häzirki wagtda taýýarlanýan we ilkinji kursyň logiki dowamy bolýan şahadatnamalar hem göz öňde tutular.

 Synaga giriş

Synaga girmek üçin şahsy şahsyýetnama bilen synagyň tölegini geçirmeli (bahasy 1800 rubl). Töleg şahsy hasabyňyzda “Мои курсы” bölüminde amala aşyrylyp bilner.

 Möhleti

Synag üçin «Экзамус» giňeltmesinde töleg geçirenden soň, özüňize amatly senäni we wagty saýlap bilersiňiz.

Synagyň wagtyny saýlamak we synagy geçmek üçin web kameraly kompýutere ýörite programma üpjünçiligini («Экзамус» https://yadi.sk/i/b6jzxxSSXa98-A ) ýüklemelidir.

Synagyň formaty

Synag onlaýn formatynda geçirilýär. Soňky synag onlaýn proktoryň, gözegçilik etjek ýörite işgäriň gatnaşmagynda geçiriler. Soňky şahadatnama synagy, proktora kamera arkaly surat bilen resminamaňyzy görkezden soňra geçip bolar.

Synaga giriş we onuň dowamy bir sagatdan ybarat bolar. Synagyň başyndan başlap, okuw gönükmelerine girişiň ýapyljakdygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

Synaga öňünden ýazylmaly. Synag üçin hasaba alnan wagtyňyzy azyndan bir gün öň üýtgedip bilersiňiz. Ýogsam, synanyşygyňyz ulanylan hasap ediler. Bu synanyşyk ulanylan bolsa yzyna gaýtarylmaýar.

Synag wagtynda:

  • Kameradan çykmaly däl;
  • Ekrandan uzak seretmeli däl;
  • Kitaplary, ýazgylary, web sahypalaryny ýa-da telefony ulanmaly;
  • Kimdir biri bilen gürleşmeli däl;
  • Kimdir biriniň kömegini ulanmaly däl;
  • Gulaksalary (nauşnik) ulanmaly.

Synag wagtynda:

  • kompýuteriňize gurnalan kalkulýatory ulanyp bilersiňiz;
  • ruçka we kagyz ulanyp bilersiňiz.

Şahadatnamanyň gowşurylmagynyň şertleri

Şahadatnama soňky  şahadatnama synagyň geçmegi bilen gönükmeleriň iň azyndan 60% -iniň dogry ýerine ýetirilmegi şerti bilen berilýär (eger ahyrky synagdan proktor bilen üstünlikli geçen bolsaňyz, ýagny 60 baldan ýokary baha alan bolsaňyz) we okuw netijeleri barada maglumatdan ybarat bolýar. Synag bahasynyň petiklenýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Eger-de soňky synagda ýeterli bal almadyk bolsaňyz, şahadatnama berilmez.

Jikme-jiklikleri kursyň beýanynda okaň!

Synagy gaýtadan tabşyrmak.

Soňky synagda ýeterlik bal almadyk bolsaňyz ýa-da has ýokary bal almak üçin ekzamen tabşyrmak isleseňiz, online@spbu.ru ýazyp bilersiňiz.

Gaýtalanýan synag tölenýär (bahasy 1800 rubl).

Synag wagtynda tehniki näsazlyk bar bolsa e-mail üsti bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris. Synag wagtynda tehniki näsazlyklaryň bardygyny tassyklasa, size ikinji synanyşyk berler.

Çeşme: https://online.spbu.ru/nashi-kursy/

Kurslaryň doly sanawy https://online.spbu.ru/nashi-kursy/