Umumy taryh (1-nji bölüm) boýunça onlaýn kursy.

11
thumbnail

Kim üçin niýetlenendir?

Bu kurs köp sanly diňleýjiler üçin niýetlenendir we ähli adamlar bu kursy geçip biler: bakalawr derejesiniň esasy ugruna degişli bolmaýan talyplar, orta mekdep okuwçylary, aspirantlar we dünýä taryhy bilen gyzyklanýan adamlar kursa ýazylyp bilerler.

Kursyň beýany:

Bu onlaýn kursyň maksady umumy taryhy öwretmegiň täsirli ulgamyny döretmekden ybarat bolup, diňleýjilerde siwilizasiýanyň döremeginden şu güne çenli dünýä taryhynyň häzirki zaman ösüşiniň düşünjesini döretmek.

Kursyň netijesinde diňleýjiler adamzat siwilizasiýasynyň ösüşiniň taryhy, bu ösüşiň iň möhüm we belli bir döwrüň esasy wakalary barada yzygiderli bilim alarlar. Leksiýalarda görnükli syýasy işgärler, medeniýet, ykdysadyýet we döwlet dolandyryşyndaky esasy üstünlikler barada hekaýalar bar.

Okuw materiallary, şeýle hem meseleler, okuwçylaryň taryhy hadysalary we prosesleri deňeşdirmek, derňemek, köp ýiti soraglara jogap tapmak ukybyny emele getirýär. Amaly meseleler taryhy karta, materiallar we ýazmaça çeşmeler bilen işlemek ussatlygyny güýçlendirýärler.

Kursyň dowamlylygy: 13 hepde.

Dili: rus dili

Kursa ýazylmak üçin: https://online.spbu.ru/vseobshhaya-istoriya-chast-1/