Işewürligiň esaslary boýunça onlaýn kurs.

17
thumbnail

Kursyň beýany:

Bu kurs täze kärhanany ýaňy gurulýan wagtynda alyp barýan işlerini dogry guramaga we kärhanalaryň ýarysynyň ýapylmagyna sebäp bolýan uly ýalňyşlyklardan goranmaga kömek eder. Kursyň diňleýjileri marketing gözlegleriniň esaslaryna düşünerler we çykdaýjylary we maýa goýumlaryny meýilleşdirmäge, kärhananyň işine baha bermäge dolandyryş kömek etjek satuw mukdaryny kesgitlemegi  öwrenerler, şeýle hem pul akymy bilen girdeýjiniň arasyndaky tapawudy duýarlar,  girdeýjiniň bar, ýöne puluň ýok wagty nagt boşluklardan goranmagy öwrenerler. Diňleýjiler buhgalter hasabatynyň esaslaryny öwrenerler we alyjylaryň bergilerini yzyna gaýtaryp bermegini yzarlamagy öwrenerler. Şeýle hem, işiň ilkinji üç ýylynda kompaniýanyň salgyt gullugy tarapyndan gara sanawyndan daşda saklajak işewür salgyt salmagyň esaslary bilen tanyş bolarlar. Diňleýjiler, bu pudak üçin iň gowy işçiler toparyny we guramaçylyk gurluşyny nädip gurmalydygyny öwrenerler, düzgünler bilen korporatiw medeniýetiň arasynda deňagramlylygy saklap bilerler.

“Işewürligiň esaslary”, amaly ugra gönükdirilen özboluşly kurs bolup, gysga wagtyň içinde talyplar diňe bir telekeçilik esaslary pudagynda ýokary hilli ykdysady bilim alyp däl-de, eýsem göz öňünde tutulan iş ugruna garamazdan üstünlikli işe başlamaga kömek etjek bilim alyp bilerler, bilimi bolanlara bolsa işewürlik proseslerini gowulaşdyrmaga, dolandyryşyň hilini we ýolbaşçylyk aýratynlyklaryny ýokarlandyrmaga kömek eder.

Kursa ýazylmak üçin: https://online.spbu.ru/osnovy-biznesa/