Sanly gurşawda işlemegiň esaslary boýunça onlaýn kurs.

14
thumbnail

Kursyň beýany:

Sanly medeniýet häzirki zaman hünärmeniň umumy bilimiň elementidir. Beýleki böleklerini doldurýar: logiki pikir, ykdysady sowatlylyk, jemgyýetçilik häsiýet, dünýäniň filosofiki keşbi, edebiýat we sungat bilimi, şeýle hem häzirki zaman maglumat jemgyýetinde adam işjeňligini gowulandyrýar.

Okuwyň maksady – iş we döredijilik üçin zerur bolan diňleýjilerde esasy başarnyklary üpjün etmek, sanly tehnologiýalaryň şahsy ösüşi üpjün edýän mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak.

Kursyň programmasy

Kurs dört bloklardan ybarat bolar:

  • maglumat tehnologiýasy;
  • sanly jemgyýetiň sosial we ynsanperwer taraplary;
  • internediň maglumat çeşmeleri;
  • maglumat bilen işlemek.

Birinji blogyň çäginde indiki zatlar hödürlenýär: maglumat bazalaryny ulanmak mümkinçiligi, gözleg enjamlary bilen işlemek, wirtual we giňeldilen hakykaty döretmek üçin tehnologiýalar we ykjam programmalar. Sanly ykdysadyýet üçin möhüm ähmiýete eýe bolan emeli intellekt, neýron ulgamlary we uly maglumatlar temalaryna-da serediler.

Ikinji (“ynsanperwer”) blok, adamlar bilen sanly dünýäniň arasyndaky özara gatnaşyk meselelerini açar. Ol Russiýada maglumat jemgyýetiniň ösüşine, elektron hökümetine, sanly ykdysadyýete, internediň işlemeginiň kanuny esaslaryna, şeýle hem etiki taraplara gönükdiriler.

Üçünji blok ylmy we bilim elektron tor çeşmelerini ulanmaga bagyşlanýar. Şeýle hem sanly medeni miras temasyna hem bagyşlanar.

Dördünji blok – maglumat bilen nädip işlemelidigini, statistiki usullary nädip ulanmalydygyny we şahsy maglumat howpsuzlygyny üpjün eder.

Kursa ýazylmak üçin: https://online.spbu.ru/osnovy-raboty-v-cifrovoj-srede/