Orta bilim işlgärleri üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy

Möhleti
12.03.2021
Arza göýbermek

Orta bilim işgärleri üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy alymlyk derejesini bermeýän çalt depginli maksatnamadyr. Bu maksatnama orta bilim gatlagynda işleýän tejribeli mugallymlara we dolandyryjylara amerikan jemgyýetine, medeniýetine we gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmegi hödür edýär. Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylara orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary üçin okuw maksatnamalary işlenip düzülende ABŞ barada mowzuklary goşmak üçin maglumatlary we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup durýar. Gatnaşmaga isleg bildirýänler şu maglumaty göz öňünde tutmalydyrlar: mugallymlar üçin bölümiň maksady maglumat we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup, okatmagyň metodikalaryny ýada okadyş prosesine degişli bolan sapaklary öz içine almaýar.

Mugallymlar we dolandyryjylar* üçin niýetlenen bu maksatnamanyň 2021 nji ýyl tapgyry garyşyk formatda alynyp barylar. Ýagny, okuwyň birinji ýarymy, häzirki ýüze çykan saglyk, howpsyzlyk hemde syýahat kynçylyklary sebäpli 2021 nji ýylyň iýun-awgust aýlary  wirtual görnüşde geçer. Okuwyň ikinji ýarymy bolsa 2021 nji  ýylyň güýz ýa-da gyş paslynyň dowamynda iki hepdelik okuw möhleti bilen ABŞ-da geçer,  şeýle hem okuwyň anyk seneleri biraz soňra belli ediler.

* «Dolandyryjylar» topary mugallymlary taýýarlajylary, okuw meýilnamalaryny we okuw kitaplaryny işläp düzmäge gatnaşyjylary, we Bilim ministrliginiň wekillerini öz içine alýar.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  1. Dalaşgärler orta bilim ulgamynda ýa-da dil öwrediş merkezlerinde işleýän orta derejedäki, höwesjeň we iş tejribeli hünärmenler bolmaly.
  2. Dalaşgärler öň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okuw ýa-da iş esasynda bolmadyk ýa az möhletleýin bolan bolmaly.
  3. Işleýän okuw jaýlarynda ýa-da edaralarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny öwrenşiň dürli taraplaryny okuw maksatnamasyna girizmegi meýilleşdirýän, Amerikada okan ýokary okuw jaýynyň ugry boýunça öz ýurdyndaky ýokary okuw jaýynda täze kurslary açmagy niýet edinýänler, ABŞ barada ozal bar bolan sapaklaryň üstüni ýetirmegi meýilleşdirýänler we Amerikany öwreniş ugurlary boýunça ýörite seminarlary guramakçy bolýanlara aýratyn üns berler.
  4. Dalaşgärler 30-50 ýaş aralykdaky orta derejeli hünärmen bolmaly.
  5. Dalaşgärler okuwyň ABŞ-da geçjek ýarymyna gatnaşmak mümkinçiligi üçin  ilki bilen okuwyň internet arkaly alnyp baryljak bölegini doly ýagdaýda tamamlamak şertinden habardar bolmaly.

Her bir dalaşgär bu maksatnama gatnaşmaga bolan sebäbini we bu maksatnamadan garaşýan netijelerini 1 sahypada gysgaça beýan etmeli.

Ähli dalaşgärler iňlis dilini suwara bilmeli – iňlis dilinde okamak bilen bagly bolan köp ýumuşlary ýerine ýetirmäge ukyply bolmaly, hem-de hemme seminarlara we maslahatlara doly we işjeň gatnaşmaly.

Ozalky ylmy işleri, iş üstünlikleri we wezipe borçlary boýunça maksatnama bilen has gyzyklanýan dalaşgärlere aýratyn üns berler.

Baryp-gelmek ýol çykdajylary, ýaşaýyş üçin boljak çykdajylary, okuw kitaplary bilen bagly çykdajylary, goşmaça çykdajylar we saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen baglanşykly ähli çykdajylar maksatnama tarapyndan tölenilýär.

Anketalar şu ýerden MS Word formatynda doldyrmak we printerden çykarmak üçin (DOC 42 KB) we Adobe PDF formatda (PDF 55 KB). Anketalary elektron poçta arkaly ugradyp ýa-da özüňiz getirip, tabşyryp bilersiňiz. Goşmaça maglumatlar üçin şu elektron salgysyna hat ýazyň: AshgabatEducation@state.gov.

Anketalar 2021-nji ýylyň 12-nji martyna çenli kabul edilýär.

Çesme : https://tm.usembassy.gov/tuk/education-culture-tk/exchange-programs-tk/susi-secondary-educators-tk/