Ylmy işgärler üçin “Amerikany öwreniş institutlary” maksatnamasy

Möhleti
12.03.2021
Arza göýbermek

Ylmy işgärler üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy alymlyk derejesini bermeýän güýçli depginli maksatnamadyr. Bu maksatnama ýokary bilim gatlagynda işleýän tejribeli mugallymlara we ylmy işgärlere amerikan jemgyýetine, medeniýetine we gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmegi hödür edýär. Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylara ýokary okuw jaýlary we beýleki akademiki edaralary üçin okuw maksatnamalary işlenip düzülende ABŞ barada mowzuklary goşmak üçin maglumatlary we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup durýar.

Ylmy işgärler we ýokary bilim ulgamynda işleýän mugallymlar üçin niýetlenen bu maksatnamanyň 2021-nji ýyl tapgyry garyşyk görnüşde alynyp barylar. Ýagny, okuwyň birinji ýarymy, häzirki ýüze çykan saglyk, howpsyzlyk hem-de syýahat kynçylyklary sebäpli 2021-nji ýylyň iýun-awgust aýlary wirtual görnüşde geçer. Okuwyň ikinji ýarymy bolsa 2021-nji ýylyň güýz ýa-da gyş paslynyň dowamynda iki hepdelik okuw möhleti bilen ABŞ-da geçer, şeýle hem okuwyň anyk seneleri biraz soňra belli ediler.

Alty maksatnamanyň her biri aşakdaky bir mowzuga gönükdiriler:

  1. Amerikanyň medeniýeti we gymmatlyklary
  2. Žurnalizm we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
  3. ABŞ-da dini dürlilik
  4. ABŞ-da ykdysadyýet we telekeçilik
  5. ABŞ-nyň daşary syýasaty
  6. Işçi güýjüni ösdürmek

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  1. Dalaşgärler ýokary bilim ulgamynda işleýän orta derejedäki, höwesjeň we iş tejribeli hünärmenler bolmaly.
  2. Dalaşgärler öň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okuw ýa-da iş esasynda bolmadyk ýa az möhletleýin bolan bolmaly.
  3. Işleýän okuw jaýlarynda ýa-da edaralarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny öwrenşiň dürli taraplaryny okuw maksatnamasyna girizmegi meýilleşdirýän, Amerikada okan ýokary okuw jaýynyň ugry boýunça öz ýurdundaky ýokary okuw jaýynda täze kurslary açmagy niýet edinýänler, ABŞ barada ozal bar bolan sapaklaryň üstüni ýetirmegi meýilleşdirýänler we Amerikany öwreniş ugurlary boýunça ýörite seminarlary guramakçy bolýanlara aýratyn üns berler.
  4. Dalaşgärler 30-50 ýaş aralykdaky orta derejeli hünärmen bolmaly.
  5. Dalaşgärler okuwyň ABŞ-da geçjek ýarymyna gatnaşmak mümkinçiligi üçin ilki bilen okuwyň internet arkaly alnyp baryljak bölegini doly ýagdaýda tamamlamak şertinden habardar bolmaly.

Her bir dalaşgär bu maksatnama gatnaşmaga bolan sebäbini we bu maksatnamadan garaşýan netijelerini 1 sahypada gysgaça beýan etmeli.

Ähli dalaşgärler iňlis dilini suwara bilmeli – iňlis dilinde okamak bilen bagly bolan köp ýumuşlary ýerine ýetirmäge ukyply bolmaly, hem-de hemme seminarlara we maslahatlara doly we işjeň gatnaşmaly.

Ozalky ylmy işleri, iş üstünlikleri we wezipe borçlary boýunça maksatnama bilen has gyzyklanýan dalaşgärlere aýratyn üns berler.

Baryp-gelmek ýol çykdajylary, ýaşaýyş üçin boljak çykdajylary, okuw kitaplary bilen bagly çykdajylary, goşmaça çykdajylar we saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen baglanşykly ähli çykdajylar maksatnama tarapyndan tölenilýär.

Anketalary şu ýerden ýüklenip bolýar: MS Word formatynda doldyrmak we printerden çykarmak üçin (DOC 42 KB) we Adobe PDF formatda (PDF 55 KB). Mowzuklaryň doly düşündirişini şu ýerde görüp bilersiňiz (PDF 89 KB). Anketalary elektron poçta arkaly ugradyp ýa-da özüňiz getirip tabşyryp bilersiňiz. Goşmaça maglumatlar üçin şu elektron salgysyna hat ýazyň: AshgabatEducation@state.gov.

Anketalar 2021-nji ýylyň 12-nji martyna çenli kabul edilýär.

Çesme : https://tm.usembassy.gov/tuk/education-culture-tk/exchange-programs-tk/susi-scholars-educators-tk/