Halkara Eduversal matematika olimpiýadasy geçirilýär

Möhleti
13.03.2021
Arza göýbermek

Indoneziýanyň “Eduversal” ylym-bilim guramasy dünýäniň mekdep okuwçylaryny I-EMC halkara onlaýn matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşik onlaýn görnüşde geçiriler.

Bäsleşigiň tertibi:

13 mart 2021 – ýazylşygyň tamamlanýan senesi;

15 mart 2021 – barlag simulýasy geçiriler;

20 mart 2021 – bäsleşigiň geçirilýän güni;

Gatnaşyjy toparlary:

18 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylaryň ählisiniň gatnaşmaga mümkinçiligi bar. Gatnaşyjylar ýaş tapawudyna görä 3 topara bölünýärler:

 

Başlangyç synplar (Primary), 9-12 ýaş aralygy;

Orta ýaş topary (Junior), 13-15 ýaş aralygy;

Uly ýaş topary (Senior), 16-18 ýaş aralygy;

Bäsleşigiň baýraklary:

Bu ýaryşda baýrakly orunlara we gymmatly sylaglara garaşylýar. Ýagny:

Baş baýragyň eýesi (Absolute winner)

Ilkinji üçlüge giren okuwçylara Baş baýrak garaşýar:

1-nji baş baýragyň eýesine Ipad 8th generation we e-sertifikaty;

2-nji baş baýragyň eýesine Samsung Galaxy Tab A 2019 10.1” we e-sertifikaty;

3-nji baş baýragyň eýesine All-New Kindle Paperwhite 2020 we e-sertifikat;

 

Beýleki gatnaşyjylar alan ýerlerine görä sertifikatlar we medallar gowşurylar.

Gatnaşmaga höwes bildirýän mekdep okuwçylary app.i-emc.com saýty arkaly ýazylyp bilerler. Hasaba alyş tölegli esasda geçirilýär.

Doly okamak üçin: https://ashgabat.in/2021/02/18/halkara-eduversal-matematika-olimpiyadasy-gecirilyar/