KAUST uniwersitetinde aspirantura (PhD) programmalary üçin doly talyp haklar (Saud Arabystany)

English
Möhleti
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

KAUST – King Abdullah University of Science and Technology – Saud Arabystanynyň Tuwal şäherinde ýerleşýän hususy gözleg uniwersiteti. 2009-njy ýylda döredilen uniwersitet resmi okuw dili hökmünde iňlis dilinde gözleg we dowamly bilim programmalaryny hödürleýär.

Uniwersitet aspirantura üçin doly talyp hakyny berýär. Talyp haky okuw, uniwersitet şäherçesinde ýerleşmek, göçmek we ätiýaçlandyryş ýaly tölegleri ödeýär. Şeýle hem, talyplara ýylda 38 000 dollar aýlyk + gözleg çykdajylary üçin 6000 dollar tölenýär. Gözleg bütinleý iňlis dilinde geçirilýär.

Ph.D. programmasy

Ph.D. programmasyna girmek inženerçilik, matematika ýa-da fiziki, himiýa we biologiýa ylymlary ýaly degişli ýa-da baglanyşykly ugurda bakalawr ýa-da magistr derejesini kanagatlanarly tamamlamagy talap edýär.

Dalaşgärler üçin talaplar:

  • Uniwersitetiň akademiki görkezijileri barada resmi maglumatlar
  • CV
  • Niýet beýany
  • Üç sany hödürkeýiş hatlar
  • TOEFL ýa-da IELTS netijeleri
  • GRE bahalary (GRE islege bagly, ýöne goşmaça bal goşar)

Has giňişleýin maglumat üçin: https://admissions.kaust.edu.sa/admission-requirment.html?_ga=2.207965781.638919431.1615072474-562680659.1615072474