Tomusky tejribe maksatnamasy, “Shell Business Operations-DOT”, Polşa

English
Möhleti
Arza göýbermek

Maksatnamanyň beýany:

Tomusky tejribe maksatnamasy hünär ýoluňyza başlamak üçin ajaýyp ädimdir. Tejribelik döwründe bilimleriňizi we başarnyklaryňyzy ulanmaga itergi berýän köp taraply adamlar bilen uzakdan işlemäge mükinçiligiňiz bolar. Uniwersitetde öwrenilen teoriýalary we düşünjeleri durmuşa geçirip bilersiňiz.

“Shell” şu ýyl aşakdaky ugurlaryň ösüşi bilen gyzyklanýan talyplary we uçurymlary gözleýär:

  • Maliýe
  • Müşderi amallary
  • Logistika we üpjünçilik
  • Şertnamalar we satyn alma
  • Tehniki aktiwler bilen amallar

Talaplar:

  • Talyp ýa-da uniwersiteti ýakynda gutaran uçurym;
  • Iňlis dilini erkin bilmeli;
  • Gowy guramaçylyk, ajaýyp meýilleşdiriş endiklerini ulanyp bilmeli;
  • Halkara toparda netijeli hyzmatdaşlyk etmek ukybyny görkezmeli;
  • Döredijilikli we öz-özüňi ösdürmäge gönükdirilen bolmaly;
  • MS Office gurallaryny gowy bilmeli.

Teklip edilýänler:

  • Üç aýlyk doly tölenilýän tejribe
  • Onlaýn kurslara giriş (Excel, taslamany dolandyrmak we ş.m.)
  • Tejribe döwründe size goldaw berjek terbiýeçi.
  • Gyzykly we integrasiýa
  • Tejribeden soň işe girmek mümkinçiligi.

Kabul ediş prosesi we maksatnamanyň özi onlaýn şekilde geçer.

Maksatnama 1-nji iýulda başlar.

Resminamalary onlaýn tabşyrmak üçin: : https://jobs.shell.com/job/krakow-city/summer-internship-programme/25244/5165508336