Rotary Peace talyp haky

Möhleti
15.05.2021
Dereje
Magistr
Möhleti
15.05.2021
Arza göýbermek

Rotary Peace – merkezleriniň birinde okamak üçin dünýäniň dürli künjeginden gelen liderlere her ýyl doly talyp hakyny hödürleýär. Parahatçylyk we ösüş boýunça doly magistr derejesini almak ýa-da hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin diplomly programmany geçmek mümkinçiligi bar. Talyp haky wiza, ýaşaýyş jaýy, bilim maksatnamasy we transport çykdajylary ýaly ähli tölegleri ödeýär. Arzalar 2022-2023-nji ýyly üçin kabul edilýär.

Rotary Peace talyp haky parahatçylyk we ösüş tejribesi bolan hünärmenler üçin niýetlenendir. Rotary gaznasy her ýyl magistr derejesi üçin 50 sany talyp hakyny we öňdebaryjy uniwersitetlerde sertifikat allmak üçin 80 stipendiýa berýär.

Magistr programmalary

Kabul edilen dalaşgärler gözleg esasynda okadylýan we dürli talyplar guramasy bilen parahatçylyk we ösüş meselelerini öwrenýärler. Programmalar 15 aýdan 24 aýa çenli dowam edýär we gatnaşyjylaryň döredýän iki-üç aýlyk gözleglerinden ybarat bolýar.

Hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasy

Okuw maksatnamasynyň dowamynda dürli derejedäki parahatçylyk we ösüş hünärmenleri öz jemgyýetlerinde we bütin dünýäde parahatçylygy ösdürmek üçin amaly endiklere eýe bolýarlar. Okyjylar gözlegleri geçirýärler we sosial üýtgeşmeleri düzýärler. Bu maksatnama eýýäm işleýän hünärmenler üçin niýetlenendir.

Häzirki wagtda Rotary gaznasyna 2022-2023-nji ýyllar üçin arzalar kabul edilýär.

Dalaşgärler 15-nji maýa çenli Rotary gaznasyna onlaýn anketalary tabşyrmaly. Netijeler 1-nji iýula çenli çap ediler.

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň maý aýynyň 15-i

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.rotary.org/en/our-programs/peace-fellowships