Türkiýede daşary ýurt talyplary üçin synaglar (YÖS) başlaýar

Möhleti

Türkiýede bilim almak isleýän daşary ýurtly talyplar üçin her ýyl geçirilýän synaglaryň 2021-nji ýyl üçin resminama kabul edişlik başlandy. ÝÖS ady bilen bilinýän Daşary ýurtly talyplar synaglaryna häzirki wagtda aşakda sanawy berilen ýokary okuw jaýlary boýunça möhletler mälim edildi. Biz bu habarymyz bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2021-nji ýyl üçin yglan eden sanawynda bar bolan ýokary okuw jaýlaryny, şeýle hem bu sanawa girmeýän ýokary okuw jaýlarynyň adyny, resminama kabul edişlik ahyrky möhletini, şeýle hem synag senesini Size ýetirýäris.

Global pandemiýa şertlerinde bu möhletleriň üýtgäp biljekdigini hasaba alyp, agzalan ýokary okuw jaýlarynyň web saýtlaryndan iň soňky maglumatlary yzygiderli barlap durmagyň talaba laýyk boljakdygyny ýatladýarys. Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2021-nji ýyl üçin yglan eden sanawynda bar bolan ýokary okuw mekdeplerinden 5 ýokary okuw mekdebiniň, bu sanawa girmeýän 7 ýokary okuw mekdebiniň geçirýän synaglary boýunça maglumatlary Size ýetirýäris. Bellemeli zat, Uludag uniwersiteti bu ýyl onlaýn synag etmegi meýilleşdirýär.

Sanawda bolanlar :

Sakarýa uniwersiteti

 Synag Senesi : 12 Iýun 2021
Resminama kabul edişlik ahyrky senesi: 15 Maý 2021

Ondokuz Mayıs uniwersiteti

Synag Senesi: 22 Maý 2021 Sagat 13:00
Resminama kabul edişlik ahyrky senesi 16 Aprel 2021

Çukurova uniwersiteti

Synag Senesi: 31 Iýul 2021 Sagat 9:30
Resminama kabul edişlik ahyrky senesi: 30 Maý 2021

Erciyes uniwersiteti

Synag Senesi: 19 Iýun 2021 Sagat 14:30
Resminama kabul edişlik ahyrky senesi: 6 Iýun 2021

Sabancı uniwersiteti

 Resminama kabul edişlik ahyrky senesi: 05 Awgust 2021

Synag Senesi mälim edilmedi

 

Sanawda bolmaýanlar:

Abdullah Gül uniwersiteti (Kayseri)

Resminama kabul edişlik ahyrky senesi: 06 Awgust 2021

Synag Senesi mälim edilmedi

Erzurum Teknik uniwersiteti (Erzurum )
Synag Senesi: 30 Maý 2021  sagat 10:00
Resminama kabul edişlik ahyrky senesi: 07 Maý 2021

Harran uniwersiteti (Şanlıurfa)

Synag Senesi: 27 Mart 2021 sagat 14:00
Resminama kabul edişlik ahyrky senesi: 14 Mart 2021

İstanbul Cerrahpaşa uniwersiteti (İstanbul)

Synag Senesi: 03 Iýul 2021 sagat 15:00
Resminama kabul edişlik ahyrky senesi: 04 Iýun 2021

Karadeniz Teknik uniwersiteti (Trabzon) 

Synag Senesi: 03 Iýul 2021   sagat:14:00
Resminama kabul edişlik ahyrky senesi: 11 Iýun 2021

Mardin Artuklu uniwersiteti ( Mardin )
Synag Senesi: 25 Mart 2021  Sagat 11:00
Resminama kabul edişlik ahyrky senesi: 15 Mart 2021

Uludağ uniwersiteti (Bursa)

Synag Senesi (Türkiýe) :12 Iýun 2021 sagat 10:00 ( ýüz ýüze synag )
Synag Senesi Daşary ýurt: 05 Iýun 2021  ( online synag )
Resminama kabul edişlik ahyrky senesi :18 Maý 2021

 

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkiyede-dasary-yurt-talyplary-ucin-synaglar-yos-baslayar/