ÝUNESKO Ýüpek ýoly boýunça ylmy-barlaglaryny geçirmek üçin ýaşlara talyp haky bäsleşigini yglan etdi

Möhleti
18.04.2021
Arza göýbermek

ÝUNESKO 35 ýaşa ýetmedik  adamlary 2021-nji ýylyň “Ýüpek ýoly ýaşlar gözleg grantyna” arzalaryny tabşyrmaga çagyrýar. 10,000 ABŞ dollary mukdarynda bolan 12 sany gözleg granty berler. Bu grant, ýaş gözlegçileri Ýüpek ýolunyň umumy mirasyny doly öwrenmek üçin maksat edindi.

“Ýüpek ýoly” ýaşlar gözleg granty – ÝUNESKO-nyň Sosial we adam ylymlary maksatnamasynyň bir bölegi bolan “Ýüpek ýoly” we “MOST” maksatnamalarynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Komissiýasynyň goldawy bilen ÝUNESKO tarapyndan döredilen täze başlangyç .

Gözleg boýunça indiki  soraglary çözmeli:

  • umumy miras we Ýüpek ýolunyň şahsyýeti;
  • içki dürlüligi;
  • häzirki zaman jemgyýetlerinde döredijilik, medeniýetara gepleşik, jemgyýetçilik jebisligi, sebit we halkara hyzmatdaşlygy üçin güýji;
  • we ahyrky netijede durnukly parahatçylyk we ösüş.

Granta kim arzasyny tabşyryp biler?

Grant almak üçin 35 ýaşa çenli aspirantlar arzalaryny tabşyryp bilerler. Teklip edilýän gözleg aýratyn bir gözlegçi tarapyndan geçirilip biliner ýa-da toparlaýyn bilelikdäki taslamanyň bir bölegi bolup biler.

Gözlegleriň haýsy ugurlary ýaryş üçin amatly?

Gözleg – belli bir sebit ýa-da hronologiýa bilen çäklenmeýän köp dersli we köp ölçegli teklipleri goşmak bilen giň ugurlara berilip bilner. Teklip edilýän gözleg, ýüpek ýolunyň umumy mirasy bilen baglanyşykly bir ýa-da birnäçe çäksiz mowzukdan ybarat bolup biler:

  • Ylym we tehnologiýa
  • Adaty now-how we senetçilik
  • Din we ruhubelentlik
  • Dil we edebiýat
  • Sungat we saz
  • Adaty sport we oýunlar

Gatnaşmak üçin nädip arzany tabşyrmaly?

Dalaşgärler gözlegleri, usullary, garaşylýan netijeleri we bar bolan gatnaşyklara goşant goşýan berlen şablony dolduryp, gözleg tekliplerini tabşyrmalydyrlar. Teklipler iňlis dilinde tabşyrylmaly we silkroadsgrant@unesco.org üsti bilen iberilmeli (ssylka e-mail bilen iberilýär).

Teklipleri tabşyrmagyň möhleti: 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 18-i.

Geçirilen gözleg teklipleri, meşhur halkara alymlardan bolan ylmy komitet tarapyndan baha berler.

Gözlegçileriň sanawy 2021-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda yglan ediler.

Dalaşgärler üçin teklipler

Saýlaw ölçegleri, laýyk gözleg temalary we baha beriş prosesi barada jikme-jik maglumaty şu ýerden tapyp bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://en.unesco.org/silkroad/youthgrant