Türkmenistanda ýerleşýän Italiýanyň ilçihanasy Turin uniwersitetiniň açyk gününi yglan etdi.
Italiýanyň ilçihanasy Turin uniwersitetiniň “Turin uniwersitetinde iňlis dilinde bilim almak” atly daşary ýurtly talyplar üçin onlaýn açyk gününi geçirýändigini habar berdi.
Bu çäre 8-nji aprel, penşenbe güni geçiriler. Başlaýan wagty – 9.00 (CET – Merkezi Ýewropa wagty boýunça).
Talyplar onlaýn çykyşlara gatnaşyp, Turin uniwersitetiniň iňlis dilinde okadylýan bilim programmalary bilen tanşyp bilerler.
Mugallymlar we uniwersitet işgärleri bilen maslahatlaşmaga we soraglaryny göni bermäge mümkinçilik alarlar.
Has giňişleýin maglumat üçin uniwersitetiň web sahypasyna giriň we hasaba alynyň http://masters.docsity.com/unito-online-open-day/ .
Artykmaçlyklary:
- Web-sahypa giriş
- Iňlis dilinde okuw görnüşlerini we günüň prezentasiýa meýilnamalaryny öwrenersiňiz.
- Geňeşçiler bilen geplşikler.
- Soraglar we jogaplar bilen sagat 9: 00-dan (CET) başlaýan iňlis dilinde okuw prezentasiýalary
Tertibi:
9.00 – Dolandyryş we ykdysadyýet
- Iş dolandyryşy
- Işewürlik administrirleme
- Ykdysadyýet
- Maliýe we ätiýaçlandyryş
10.30 Hukuk, syýasy we sosial-ykdysady ylymlar
- Bütindünýä kanuny we transmilli hukuk gözlegleri
- Ýewropanyň hukuk gözlegleri
- Halkara hyzmatdaşlygy üçin sebitleýin we bütindünýä gözlegler
- Ykdysady derňew we syýasat
11.45 Oba hojalygy we weterinariýa
- Azyk ylmy we tehnologiýa
- Akylly oba hojalygy
- Üzümçilik we enologiýa boýunça halkara magistr derejesi maksatnamasy
- Haýwanlaryň iýmitlenmegi we iýmitleriň howpsuzlygy
13.00 Lukmançylyk
- Lukmançylyk we hirurgiýa
- Molekulýar biotehnologiýa
- Newrologiýa üçin biotehnologiýa
14.15 Tebigat ylymlary
- Stoxastika we maglumatlar ylymlary
- Öýjükli we molekulýar biologiýa
- Materiallar ylym
15.30 Daşary ýurt dilleri, edebiýat we häzirki zaman medeniýetleri, ynsanperwer ylymlar
- Iňlis we Amerikan okuwlary
- Filosofiýa
16.15 Sebit we şäher gözleg we meýilleşdiriş
- Jemgyýetiň durnukly ösüşi üçin sanly başarnyklar
Çeşme: http://masters.docsity.com/unito-online-open-day/#lp-pom-box-1452