Awstraliýanyň Sydney uniweristetinde bakalwr we magistr derejeleri boýunça talyp haklar.

English
Möhleti
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Sydney uniwersitetinde (bakalawr ýa-da magistr) okamak isleýän zehinli talyplar üçin talyp haky hödürlenýär. Sydney uniwersitetine üstünlik gazanan daşary ýurtly talyplary goldamak üçin 40,000 ABŞ dollaryna çenli stipendiýa berilýär.

VCIS – okuwa kabul edilenden soň hödürlenýän talyp hakydyr (diňe bir gezek okuwyň birinji ýylynda berilýär we indiki ýyllar üçin täzelenip bilmeýär).

Arza beriş prosesi:

Aýratyn arza talap edilmeýär, sebäbi kabul ediş tassyklamasyny alan ähli talyplar awtomatiki göz öňde tutular. Şonuň üçin uniwersitete arzaňyzy tabşyryp, 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 15-ne çenli kabul edilmeli.

Kriteriýalar:

– daşary ýurtly talyplar;

– Sydney uniwersitetinde hasaba alnan CRICOS baýrak programmasy bolan bakalawr ýa-da magistr derejelerine arzalaryny tabşyranlar, ýöne entek kabul edilmedikler.

– kabul edilýän senä çenli okuwa girendigi barada tassyklamasyny alanlar.

Artykmaçlyklary:

Üstünlikleriňize görä dört sany talyp haky hödürlenýär:

– Bir ýylyň içinde ikä bölünip birelýän 40,000 ABŞ dollary

– Bir semestr üçin 20,000 $

– Bir semestr üçin 10,000 $

– Bir semestr üçin 5000 $

Has giňişleýin maglumat üçin : https://www.sydney.edu.au/scholarships/e/vice-chancellor-international-scholarships-scheme.html