Angliýada okamak üçin talyp haklar

Möhleti
Dereje

Talyplaryň köpüsi Angliýada okamak üçin gün-günden isleglerini bildirýärler. Mundan başgada, Angliýanyň uniwersitetlerinde okamak üçin talyp haklaryny tapmak aňsat däl. Emma size ajaýyp mümkinçiligi hödürleýäris.

Angliýanyň London Ykdysadyýet mekdebinde magistr derejesiniň talyp haky

LSE Master’s Awards  – London Ykdysadyýet mekdebinden diplom almak isleýän we okuwy özbaşdak ödäp bilmeýän talyplar üçin niýetlenen talyp hakydyr. Stipendiýanyň mukdary dalaşgäriň gazananlaryna we maliýe mümkinçiliklerine esaslanýar we 5000 funt sterlingden okuwyň doly tölegine çenli kesgitlenýär. Ilki bilen uniwersitete resminamalary tabşyrmaly we çakylyga garamaly.

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 29-y

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.lse.ac.uk/study-at-lse/Graduate/fees-and-funding/lse-masters-awards

Birkbekde (London uniwersiteti) dalaşgärler üçin talyp haky.

Birkbek hukuk mekdebi (London uniwersiteti), doly ýa-da doly däl okuwa girmek isleýän talyplar üçin talyp haklaryny hödürleýär. Bu stipendiýa Angliýa / Ýewropa talyplary bilen deň mukdarda okuw töleginden ybarat bolýar. 60-70% -den ýokary bahalar bilen diplom almaly we üstünlikli talybyň ýokary potensialyny görkezmeli. Iň laýyk gelýän dalaşgär magistr programmasyna ilkinji gezek girýän talyp.

Giriş möhleti: 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 30-y

Has giňişleýin maglumat maglumat üçin: https://www.bbk.ac.uk/student-services/financial-support/pg-funding/law-postgraduate-fees-awards

University of Reading  tarapyndan okuw tölegini ýapmak üçin talyp haky

University of Reading daşary ýurtly talyplara okuw tölegini ödeýän birnäçe talyp haklaryny hödürleýär. Magistr derejesi üçin talyp haklar bar: iňlis dili, iňlis diliniň edebiýaty, lingwistika we medeni gözlegler, inženerçilik, arheologiýa, geografiýa we ekologiýa, informatika, ykdysadyýet, pedagogika, iýmit ylmy; meteorologiýa, syýasat, psihologiýa. Talyp haky öňki akademiki üstünlikleriň esasynda berilýär we ony gazanmak üçin ilki bilen saýlanan magistr programmaňyza ýüz tutmaly we giriş teklibini almaly.

Tabşyryş möhleti:  2021-nji ýylyň iýun aýynyň 1-i

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.reading.ac.uk/ready-to-study/study/fees-and-funding/masters-scholarships.aspx