2021-nji ýylyň halkara Ženewa bäsleşigi

Möhleti
18.04.2021
Arza göýbermek

Geneva Challenge – bütin dünýä boýunça  uniwersitetleriň uçurymlarynyň arasynda geçirilýän ählumumy meseleleriň krizis dolandyryşyna täze çemeleşmeleri kesgitlemäge gönükdirilen bäsleşikdir.

Bäsleşik, degişli ugurlary seljermäge, oňyn üýtgeşmelere sebäp bolup biljek innowasion pikirleri öňe sürmäge gönükdirilendir. Toparlar azyndan iki dürli ugurda, magistr derejesinde okaýan 3-5 sany talyplardan ybarat bolmaly. Teklipler teoretiki taýdan esaslandyrylmaly we derwaýys jemgyýetçilik, syýasy ýa-da ykdysady meseläniň amaly çözgütlerini hödürlemeli.

Şu ýyl bäş baýrak berilýär, her yklym üçin biri. Bäş finalçy toparlar  2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryndan  oktýabr aýynyň başyna çenli taslamalarynyň tanyşdyrylyş we baýrak gowşurma dabarasyna Ženewa çagyrylarlar.

Baýraklar aşakdaky kategoriýalaryň hersinde bir gezek beriler:

  • Afrikada ýerleşýän uniwersitetler.
  • Aziýada ýerleşýän uniwersitetler.
  • Ýewropada ýerleşýän uniwersitetler.
  • Demirgazyk Amerikada we Okeaniýada ýerleşýän uniwersitetler.
  • Günorta Amerikada ýerleşýän uniwersitetler.

Kabul ederlik:

  • magistratura we aspirantura derejeleriň talyplary (anketa tabşyrylanda);
  • 3-5 adamdan ybarat bolýan topar ýygnamaly we toparlaryň gatnaşyjylary birnäçe derslere wekilçilik etmeli;
  • aýry-aýry gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.graduateinstitute.ch/sites/internet/files/2020-12/Rules%26Regulations_2021_0.pdf

Arzalary onlaýn tabşyrmaly.

Gatnaşanlary hasaba almak 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 18-ne çenli dowam eder.

Arza bermegiň soňky möhleti: 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 12-i

Hasaba alyş möhlet – arzany doldurmak üçin senedir. Bu möhlete çenli hasaba alyş geçendigini tassyklamaly  (https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSfmL_ItivN_205gCA2S-umqtQd8tJi2wRYVFoJJxWWM4RgDdg/viewform ) .

  • Tassyklaýyş resminamalar (okuwda okaýandygy barada şahadatnamas ýa-da talyp şahadatnama) adyňyzy, magistratura maksatnamaňyzy we berlen senäni görkezmeli.
  • Hasaba alnan wagtyňyz bu resminamalaryňyz ýok bolsa, uzaldylan möhlete, ýagny 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 18-ne çenli  (Merkezi Ýewropa Wagty bilen(CET)) olary (geneva.challenge@graduateinstitute.ch ) iberiň.

Hasaba alnandan soň, taslamany taýýarlamak üçin dört aý wagtyňyz bar. 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 12-ne çenli geneva.challenge@graduateinstitute.ch adresine iberilmeli.

Ýarym finalçylaryň bildirişi: 2021-nji ýylyň awgust aýynyň başynda

Emin agzalarynyň ýygnagy: 2021-nji ýylyň awgust aýynyň ortalary

Finalçylaryň bildirişi: 2021-nji ýylyň sentýabr aýy

Finalçylaryň çykyşlary we baýrak gowşurylyş dabarasy: 2021-nji ýylyň oktýabr aýy.

Has giňişleýin maglumat üçin:

https://www.graduateinstitute.ch/geneva-challenge/2021