Yslam Ösüş Banky-Türkiýe talyp haky maksatnamasy. Bu talyp haky bakalawr, magistratura we aspirantura dalaşgärleri üçin niýetlenendir.

Möhleti
15.04.2021
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Yslam Ösüş Banky (IsDB) we Türkiýe talyp haklary 2021-2022-nji okuw ýyly üçin arzalary kabul edip başlady.

2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda okamak üçin dalaşgärlere talyp haklar berilýär.

Maksatnamanyň maksady, agza ýurtlardan we agza däl ýurtlardaky musulman jemgyýetlerinden bolan zehinli talyplara zerur hünärleri ösdürmek üçin bakalawr, magistratura we aspiranturada okamak üçin bilim mümkinçiliklerini bermekden ybarat. Jemgyýetlere kuwwat bermek we Durnukly Ösüş Maksatlaryny goşmak bilen milli we ählumumy ösüş meýilnamalaryna ýetmäge kömek etmek üçin durnuklylyk ylymlaryna aýratyn ähmiýet berilýär.

Talyp haky okuw tölegini, ýaşaýyş jaýyny, saglyk ätiýaçlandyryşyny we ýol töleginden ybarat bolýar.

Programmalaryň köpüsi türk dilinde okadylýar. Mundan başga-da, iňlis dilinde okamak isleýän dalaşgär dili bilýändigini tassyklamaly (TOEFL ýa-da ş.m. şahadatnamalar). Bu programmalaryň köpüsi, GRE, GMAT, SAT we ş.m. ýaly halkara giriş synag şahadatnamalaryny talap edýärler. Dalaşgärler programmany saýlanda dil boýunça talaplaryny barlamaly.

Maksatnamanyň aýratynlyklary barada has giňişleýin maglumaty almak üçin dalaşgär IsDB talyp haky web sahypasyna (www.isdb.org/scholarships ) girmeli.

Dalaşgärler arzalaryny Türkiye talyp haky web sahypasy (www.turkiyeburslari.gov.tr ) arkaly tabşyrmaly.

Arza portalda iberilýär: https://tbbs.turkiyeburslari.gov.tr/

 

– Dalaşgärlere arzany doldyranda görkezmeleri üns bilen okamak maslahat berilýär.

– Dalaşgärler zerur resminamalary tabşyrmaly.

– Poçta ýa-da el bilen iberilen arzalar kabul edilmez.

– Arza mugt we özbaşdak tabşyrylmaly.

– Türkiye talyp haky talyp haky we uniwersitete girişden ybarat. Dalaşgärler saýlanan 12 uniwersitetiň birinde ýerleşdiriler.

Gerekli resminamalar:

  1. Pasport.
  2. Suraty (surat sizi aňsatlyk bilen tanamak üçin ýokary hilli bolmaly).
  3. Milli synagyň netijeleri (halkara kwalifikasiýasy ýa-da şahadatnamasyz dalaşgärler üçin zerur).
  4. Orta bilimi barada şahadatnama ýa-da mekdebi gutarýan barada wagtlaýyn şahadatnamasy.
  5. Akademiki ýetişgenlikleri barada maglumat.
  6. Halkara synaglaryň netijeleri (GRE, GMAT, DELF, YDS, YÖS we ş.m., saýlanan uniwersitet we maksatnama zerur bolsa)
  7. Dil synaglarynyň netijeleri (saýlanan uniwersitet ýa-da maksatnama zerur bolsa)
  8. Gözleg teklibi we ýazan işiňiziň nusgasy (diňe PhD dalaşgärleri üçin).

Resminamalary tabşyrmagyň möhletleri we bildirişleriň senesi:

15-nji aprel 2021: tabşyryş möhleti

Aprel-Maý 2021: arzany gözden geçirmek

Iýun-iýul 2021: söhbetdeşlikler.

Awgust 2021: netijeleriň yglan edilmegi

Sentýabr 2021: okuwyň başlamagy (wiza we Türkiýä gitmek)

Has giňişleýin maglumat üçin: https://turkiyeburslari.gov.tr/en/announcement/call-for-new-applications-for-the-isdb-turkiye-scholarships-international-joint-scholarship-programme-for-academic-year-2021-22