Bologna uniwersitetinde okamak üçin daşary ýurtly talyplara talyp haky.

Möhleti
30.04.2021
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Dünýäniň dürli künjeklerinden uniwersitetde bakalawr ýa-da magistr derejesini almak isleýän talyplar Bologna uniwersitetinde(Unibo Action 2) okamak üçin granta arzalary tabşyryp bilerler. Her okuw ýyly üçin 48 talyp haklary bar: bakalawr talyplary üçin 8 (First Cycle degree program) we magistr talyplary üçin (Single Cycle degree program), magistr talyplary üçin 40 (Second Cycle degree program).

Grantyň mukdary – 11000 €, mugt okuw.

Okuw grantlary we mugt okuw, bir okuw ýyly üçin SAT we GRE we TOLC synaglary esasynda berilýär.

Synaglar boýunça talaplar:

SAT: https://collegereadiness.collegeboard.org/sat

GRE: https://www.ets.org/gre/

TOLC: https://www.cisiaonline.it/

Dalaşgärler üçin talaplar:

  • Talyp haky meýilnamasyna Italiýanyň bilim jaýlarynda däl-de, uniwersitet maksatnamalarynyň birine girmek üçin zerur bilim alan dalaşgärler gatnaşyp bilerler. Italiýanyň daşynda döredilen italýan mekdebiniň diplomy bolan talyplar hem ýüz tutup bilerler. Bu ýagdaýda dalaşgäriň raýatlygy möhüm däl.
  • Dalaşgär, resminama tabşyrmagyň möhletinden öň aşakdaky synaglardan birini tabşyrmaly:

– First or Single Cycle Degree programmasyna girmek isleseňiz – SAT we / ýa-da TOLC synagy

– Second Cycle Degree programmasyna girmek isleseňiz – GRE synagy.

  • 30 ýaşa ýetmedik dalaşgärler.

Iňlis dilinde SAT we GRE synaglary. TOLC synagyny iňlis we italýan dillerinde tabşyryp bolar.

Tabşyryş möhletler:

Unibo Actions 1 & 2 arzany tabşyrmak – SAT: Bakalawr derejesi

  • Arzalaryň kabul etmegiň başy: 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 28-i, 12.00 CET.
  • Arza bermegiň möhleti: 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 30-y, 12.00 CET.
  • Netijeleriň neşir edilmegi: 2021-nji ýylyň maý aýy.

 Unibo Actions 1 & 2 arzany tabşyrmak – TOLC

  • Arzalaryň kabul etmegiň başy: 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 25-i, 12:00 CET.
  • Arza bermegiň möhleti: 2021-nji ýylyň maý aýynyň 31-i, 12:00 CET.
  • Netijeleriň neşir edilmegi: 2021-nji ýylyň iýun aýy.

Arza tabşyryş prosesi:

Arzalar Studenti Online üsti bilen tabşyrylýar: (https://studenti.unibo.it/sol/welcome.htm )

Üns Möhüm: SAT, GRE ýa-da TOLC synagyny tabşyrmagyň soňky möhletinden öň tabşyrmaly.

SAT synagy üçin 6993 we GRE synagy üçin 7850 kodlaryny aýlap, netijeleriňizi Bologna uniwersitetine ibermegi ýatdan çykarmaň. Bellenen möhletlere ýetişmek üçin wagtynda tabşyryň.

Ýeňijiler, ähli grantlar sarp edilýänçä, Unibo Action 2 okuw grantlary bilen sylaglanar. Soňra ýeňijiler, ähli býudjet sarp edilýänçä, Unibo Action 1 mugt okuw üçin gatnaşyp bilerler. Iki granty bilelikde almak mümkin däl.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.unibo.it/en/services-and-opportunities/study-grants-and-subsidies/exemptions-and-incentives/unibo-actions-1-2-study-grants-and-tuition-fee-waivers-for-international-students/Unibo-actions-1-and–2-study-grants-and-tuition-fee-waivers-for-international-students