Leeds uniwersitetinden (Angliýa) magistr derejesiniň dalaşgärleri üçin doly talyp haky

English
Möhleti
30.05.2021
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Angliýanyň iň meşhur uniwersitetlerinden biri bolan Leeds uniwersitetiniň MSc takyk lukmançylyk: Genomika we seljeriş maksatnamasy üçin arzalaryny tabşyran ýerli we daşary ýurtly talyplara doly talyp haklary hödürleýär.

Jemi talyp haklaryň mukdary:  £27,035: £11,750 okuw tölegini ödemek üçin, £15,285 ýaşaýyş çykdajylaryny ödemek üçin. Talyp haklar akademiki üstünlikleriň esasynda berilýär.

Arzany nädip tabşyrmaly?

Talyp hakyna arzany tabşyrmak üçin ilki bilen magistr derejäniň lukmançylyk ugruna arzany tabşyrmaly: Genomika we Analitika. Arzalar onlaýn ýagdaýda tabşyrylýar (https://application.leeds.ac.uk/).

Okuwa arzany tabşyrandan soň, talyp haky arzany ýüklemeli we doldurmaly (https://biologicalsciences.leeds.ac.uk/downloads/download/78/hdruk_scholarship_application_form ) we elektron görnüşinde 2021-nji ýylyň maý aýynyň ahyryna çenli fbspgt@leeds.ac.uk  ibermeli.

Iňlis dili boýunça talaplar:

Iňlis dili ene diliňiz däl bolsa, iňlis dilini bilýändigiňizi (Leeds uniwersitetine girmek üçin GCSE C dereje bilimi ýa-da ş.m.), şeýle-de hem IELTS we TOEFL şahadatnamalaryny subut etmeli:

  • TOEFL – ortaça 92 bal, şolardan azyndan 21 diňlemek we okamak, 22 ýazuw we 23 gürlemek bölümlerinden bal almaly.
  • IELTS – ortaça bal 6.5
  • PTE: Pearson Test of English Academic: ortaça bal 64, dört böleginiň hersinden azyndan 60 bal.

Ähli talyp haklar saýlama komiteti tarapyndan gözden geçirilenden soň akademiki esasda berilýär. Maliýe kynçylyklary ýaly beýleki faktorlar talyp hakyna täsir etmeýär.

Resminamalary tabşyrmagyň soňky möhleti: 2021-nji ýylyň maý aýynyň 30-y.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://biologicalsciences.leeds.ac.uk/