Aşgabat şäherindäki Mekdep-internaty okuwa çagyrýar

Başlaýan wagty

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­ty­na 2021 — 2022-nji okuw ýy­ly üçin Aş­ga­bat şä­he­rin­den we we­la­ýat­lar­dan 2020 — 2021-nji okuw ýy­lyn­da or­ta mekdepleriň 6-njy synpyny tamamlaýan zehinli okuwçylar kabul edilýär, diýlip “Mugalymlar gazetinde” habar berilýär.

“Mugallymlar” gazetiň 2021-nji ýylyň 29-njy martyndaky sanynda ýerleşdirilen bildirişe görä, da­laş­gär okuw­çy­la­ryň 1 — 6-njy synp­lar­da­ky ba­ha­la­ry­nyň ag­la­ba­sy 5-lik bolmaly. Mekdep-internata okuwa girmäge isleg bildirýän zehinli okuwçylaryň sanawy we aşakdaky resminamalar etrap (şäher) bilim bölüminiň üsti bilen degişli wela­ýat we Aş­ga­bat şä­her Baş bi­lim mü­dir­lik­le­ri­ne 2021-nji ýy­lyň 15-nji ap­reli­ne çenli iberilýär.

Baş bilim müdirlikleri bolsa okuwçylaryň sanawyny hem-de beýleki maglumatlary resmileşdirip, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyna iberýär.

Gerekli resminamalar:

— oka­ýan mek­de­bin­dä­ki şah­sy jil­ti­niň mek­dep mü­di­ri­niň mö­hü­ri bi­len tassyklanylan göçürmesi;

— mek­dep ta­ra­pyn­dan ber­len hö­dür­na­ma;

— ýa­şa­ýan ýe­rin­den ke­pil­na­ma;

— ata-ene­si­niň iş­le­ýän ýe­rin­den ke­pil­na­ma;

— sag­lyk ýag­da­ýy ha­kyn­da kes­git­le­nen nus­ga­da­ky ke­pil­na­ma;

— 3×4 öl­çeg­dä­ki 2 sa­ny su­rat.

Synagyň görnüşi:

Mekdep-internata okuwa girmäge isleg bildiren zehinli okuwçylar bilen türkmen dilinden diktant, matematika hem-de taryh dersleriniň her birinden 3 soragdan ybarat bolan soragnama ýazmaça jogap bermek arkaly synaglar geçiriler.

Synaglaryň möhleti:

  1. Le­bap we­la­ýa­ty — ap­rel aýy­nyň 16 — 17-si (Türk­me­na­bat şä­he­ri).
  2. Ma­ry we­la­ýa­ty — ap­rel aýy­nyň 19 — 20-si (Ma­ry şä­he­ri).
  3. Ahal we­la­ýa­ty — ap­rel aýy­nyň 21 — 22-si (Aş­ga­bat şä­he­ri).
  4. Aş­ga­bat şä­he­ri — ap­rel aýy­nyň 23 — 24-i (Aş­ga­bat şä­he­ri).
  5. Bal­kan we­la­ýa­ty — ap­rel aýy­nyň 26 — 27-si (Bal­ka­na­bat şä­he­ri).
  6. Da­şo­guz we­la­ýa­ty — ap­rel aýy­nyň 28 — 29-y (Da­şo­guz şä­he­ri).

Tabşyryş möhleti: 15-nji ap­reli­ne çenli

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/asgabat-saherindaki-mekdep-internaty-okuwa-cagyryar/