Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “Açyk gapylar” güni

Başlaýan wagty

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2021-2022-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary institut bilen tanyşdyrmak maksadyndan ugur alyp, «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.

«Açyk gapylar» gününde bilime-ylma höwesli ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek barada alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler, taýýarlyk ugurlary we hünärleri, okuw, usulyýet, ylmy, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen işjeň meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikler, döwrebap okuw otaglary, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri bilen tanyşdyrylar.

«Açyk gapylar» güni görkezilen salgyda 2021-nji ýylyň 1-nji maýynda sagat 15:00-da başlanýar.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 22-65-40, 22-65-70.

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmen-dowlet-bedenterbiye-we-sport-institutynda-acyk-gapylar-guni/