«Green Talents Forum 2021» gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek başlandy
Germaniýanyň Federal Bilim we gözleg ministrligi (BMBF) her ýyl durnukly ösüş üçin innowasiýa daşky gurşaw ideýalarynyň halkara alyş-çalşyny ýeňilleşdirmek üçin durnukly ösüşde ýokary mümkinçilikler üçin «Green Talents» halkara forumyny gurnaýar.
Arzalar magistrlardan, aspirantlardan we doktor derejeli talyplardan, şeýle-de hem üç ýyllyk iş tejribesi bolan (ylmy dereje almak ugrundaky hünär tejribesini hasaba almazdan) ýaş hünärmenlerden kabul edilýär.
Hökmany talaplar:
- Magistr ýa-da PhD programmasyna ýa-da dereje (magistr / PhD) arza tabşyryş gutarmanka üç ýyldan köp bolmaly.
- Durnukly gözlegleriň islendik ugrunda durnukly ösüşe we dersara çemeleşmä ünsi.
- Professional iş tejribesi üç ýyldan köp bolmaly däldir (akademiki derejäniň çäginde alnan tejribe muňa girmeýär).
- Iňlis dilini gowy bilmek.
- Akademiki görkezijiler ortaça bahadan ýokary bolmaly.
- Germaniýanyň raýaty ýa-da Germaniýanyň ýaşaýjysy bolmaly däl (arzany tabşyryp bilmeýän adamlar: nemes pasportynyň eýeleri, şeýle hem resminama tabşyrylanda Germaniýada ýaşaýanlaryň hemmesi).
Arza beriş prosesi:
- Şahsy, akademiki we hünär käriňiz baradaky maglumatlar, şol sanda bilim, gözleg işleri, neşir sanawlary we ş.m. baradaky maglumatlaryňyz, gözlegleriňiziň haýsy Durnukly ösüş maksatlaryna goşant goşýandygyny görkezmeli. Rezýumeni ýüklemek hökman däl.
- Wirtual ylmy foruma gatnaşmaga höwesiňiz bilen baglanyşykly soraglar (jogaplaryňyzy öňünden ýazmak we tekst gutularyna göçürmek maslahat berilýär).
- Ylmy kärleriňiz barada soraglar. Bilim diplomy ýüklemeli.
- Neşirleriňiz barada soraglar. Doly makalalary tabşyrmagyňyz soralmaýar. Siziň ýazan kitaplaryňyzyň / baplaryňyzyň / makalalaryňyzyň sanawy (bilelikde ýazyjylykda) hökmanydyr.
- Hödürleýiş haty
- Bir hödürleýiş hatynyň ýeterlikdigini ýadyňyzdan çykarmaň.
- Iňlis dilini bilýändigiňiz barada şahadatnama (dil synagy şahadatnamalar (TOEFL, IELTS we ş.m.), dil kurslarynyň şahadatnamasy ýa-da uniwersitetleriňiziň iňlis dilinde okadylýandygyny tassyklaýan şahadatnama bolup biler).
Talaplar barada has giňişleýin maglumat:
https://www.greentalents.de/faqs.php#Letter%20of%20recommendation
Arzany nädip tabşyrmaly?
Arzalary diňe https://ptoutline.eu/app/greentalents2021 arkaly tabşyryp bilersiňiz.
E-mail bilen iberilen resminamalar kabul edilmez. Arzalar tabşyrylandan soň üýtgedilip bilinmejekdigini, ýa-da resminama tabşyrylan möhletden soň ýitirilen resminamanyň iberilip bilinmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.
Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 7-den maý aýynyň 19-na çenli.