Success Story Sankt-Peterburg Döwlet Uniwersitetiň MASES programmasy

37
thumbnail

– Sankt-Peterburg Döwlet Uniwersiteti ýeterli derejede abraýly uniwersitet hasaplanýar, emma siz MASES-i saýladyňyz. Näme üçin bu karary aldyňyz?

– Hawa, dogrydyr. SPbU diýseňem uly uniwersitet we köp sanly magistr maksatnamalary hödürleýär. Ýöne şahsy tejribämden MASES-iň gowy seçimdigini düşündim. Magistr derejesi üçin uniwersiteti saýlanymda, ilki bilen başga bir fakultetiň maksatnamalaryny göz öňümde tutdum, ýöne bir konferensiýanyň dowamynda MA SES professorlary bilen tanyşyp bildim we olar maňa bu programma barada gürrüň berdiler. Bu duşuşykdan soň okaýan programmam bilen gyzyklandym we resminamalary şol ýere tabşyrdym. Okuwyň halkara toparynda geçirilýändigi meni özüne çekdi, bu diňe mugallymlara däl, eýsem talyplara-da degişlidir. Okuw iňlis dilinde geçýär we okuwy gutarandan soň, talyp diňe bir Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetinden diplom alman, eýsem Bielefeld uniwersitetinden hem diplom alýar.

– Resminamalary nädip tabşyrdyňyz?

– MASES maksatnamasyna girmek üçin  uniwersitetiň özüne döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän ulgam boýunça arzany tabşyryp bolýar. Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň bu bölüminde resminamalary onlýan görnüşde tabşyrmak üçin örän amatly ulgamy bar. Bakalawr derejesiniň diplomy we saglygy barada şahadatnama ýaly talap edilýän ähli resminamalaryny skanlaryny taýýarladym, uniwersitetiň kabul ediş komitetiniň web sahypasynda hasaba alyndym we ähli resminamalary şahsy hasabyma ýükledim.

Resminamalryň kabul ediş formaty hem amatly boldugyny düşünýän, sebäbi uniwersitete gitmegiň ýa-da resminamalary poçta arkaly ugrtamagyň geregi ýok.

– Okuw döwründe nämäni haladyňyz?

– Gyş mekdebini. Bu ýatdan çykmajak tejribeleriň biridi. Programmanyň guramaçylary ellerinden gelenini etdiler. Birnäçe hepdäniň içinde diňe bir nemes dilini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, köp syýahat etdik, gyzykly leksiýalara we guramalara gatnaşdyk we gyzykly adamlar bilen duşuşdyk.

-Dalaşgärlere näme maslahat bererdiňiz?

-Bu maksatnama hünäriňize laýyk gelýän bolsa arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz. Puşman bolmarsyňyz. Resminamalaryňyzy tabşyranyňyzda, oňa has köp üns bermegiňizi maslahat berýärin. Soňky güne garaşman, arzaňyzy tabşyrmagyňyzy maslahat berýärin, sebäbi sahypa gowy işlemän biler. Höweslendiriş hatyňyzy ýazyň, näme üçin edil bu maksatnamada okamak isleýändigiňizi bildiriň we delilleriňiziň ynandyryjy bolmagyna göz ýetiriň. Barlamak üçin iňlis dilini gowy bilýän adama beriň, bu adam size diňe redaksiýada kömek etmän, eýsem näderejede ynandyryjy ýazandygyňyzy hem aýtsyn. Düzme we şahadatnamalar we diplomlar arkaly gazanyp boljak goşmaça bal gazanmaga synanyşyň.

Size üstünlik arzuw edýärin!