Italiýada BMG-de tölegli tejribe

Möhleti
09.08.2021
Arza göýbermek

Food and Agriculture Organization (FAO) bütindünýä açlyga garşy göreşýär we Rimdäki ştab-kwartirasynda tejribeçileri gözleýär. Tejribeçileriň wezipeleri isleglere we başarnyklara görä dürli taslamalarda kömek etmekden ybarat bolar. Mundan başga-da, gatnaşyjylar durnukly ösüş pikirlerini goldamaga goşant goşarlar. 21-30 ýaş aralygynda bolýan talyplara garaşýarlar. Iňlis dilini ýokary derejede bilmek zeryrdyr, şeýle-de hem goşmaça diller bilmek artykmaçlyk bolar.

Bu еejribe maksatnamasy, innowasiýa ideýalaryny we FAO-nyň ugurlary boýunça gözleg tejribelerini paýlaşmak isleýän zehinli ýaşlary çekmek maksat edinýär. Bu maksatnama, akademiki bilimleriňizi FAO-nyň işi bilen baglanyşykly ugurda amaly tejribe bilen doldurmaga mümkinçilik berýär. Bu tejribe arkaly, tejribeçiler BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna we açlyksyz dünýä üçin FAO-nyň strategiki maksatlaryna – DÖM 2-e ýetmäge goşant goşarlar.

Talaplar:

  • Arza berlende bilim jaýynda bakalawr ýa-da magistr derejesinde talyp bolmaly (Halkara uniwersitetler birleşigi / ÝUNESKO maglumatlar bazasyna girýan bilim jaýynda) ýa-da uçurymlar.
  • Dalaşgärler FAO-nyň işine degişli ugurda ýöriteleşmeli.
  • Indiki dillerden iň azyndan birini bilmeli: arap, hytaý, iňlis, fransuz, rus ýa-da ispan.
  • Bu sanawdan ikinji dili bilmek artykmaçlyk hasaplanar.
  • FAO agza ýurtlaryň raýaty boluň.
  • Dalaşgärler 21-30 ýaş aralygynda bolmaly.
  • Dalaşgärler halkara köp medeniýetli gurşawa uýgunlaşyp, gowy aragatnaşyk endiklerine eýe bolmalydyrlar.
  • Maşgala agzalary (dogan, aýal dogan, ejesi ýa-da kakasy diýlip kesgitlenýär) FAO tarapyndan islendik şertnama boýunça işleýän dalaşgärler tejribe meýilnamasyna gatnaşyp bilmeýärler.
  • Dalaşgärler tejribe başlamazdan ozal degişli ýaşamak ýa-da immigrasiýa statusy bolmaly.

Goşmaça maglumat:

  • FAO global günorta we ýerli halklary bu maksatnama arzalaryny tabşyrmaga çagyrýar.
  • FAO-da tejribe işini tamamlan dalaşgärler başga bir tejribe geçip bilmezler.
  • FAO talyplary uniwersitetlerden ýa-da beýleki guramalardan hemaýatkärlik almasa, aýlyk stipendiýa töleýär.

Dalaşgärleriň hemmesine ygrarlylyk, başgalara hormat goýmak we dogruçyllyk ýaly gymmatlyklara eýermelidigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Arza tabşyryş prosesi:

  • Jobs at FAO web-sahypasyna giriň we onlaýn profiliňizi dolduryň. Profil takyk, doly bolmaly we işiňiziň doly maglumatyndan, akademiki kwalifikasiýaňyzdan we dil başarnyklaryňyzdan ybarat bolmalydyr.
  • Höweslendiriş hatyny, okuw barada kepilnama ýa-da akademiki ýetişgenligiňiz barada kepilnamany onlaýn profiliňize ýükläň;
  • Profiliňizi doldurandan soň, anketaňyzy tabşyryň;
  • Arzaňyz onlaýn profilde berlen maglumatlara esaslanyp tassyklanar;
  • Doly däl arzalar seredilmez;
  • Diňe FAO portalyndan arzalara serediler;
  • Arzalary bellenilen möhletden ozal tabşyrmak maslahat berilýär.

Kömek gerek bolsa ýa-da soraglaryňyz bar bolsa habarlaşyň: Careers@fao.org

Arza tabşyrmagyň soňky möhleti: 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 9

Has giňişleýin maglumat üçin: https://jobs.fao.org/careersection/fao_external/jobdetail.ftl?job=2100202