Doly maliýeleşdirilýän Hytaýyň hökümet talyp haky 2021. Masters and Ph.D

Möhleti
27.04.2021
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Hytaýyň hökümeti daşary ýurtly talyplara Sýamen uniwersitetinde (Xiamen University) magistr ýa-da Ph.D. derejesini almak üçin doly maliýeleşdirilýän talyp hakyny hödürleýär. Talyp hakynyň maksady – bilim ulgamyny ösdürmek we daşary ýurtly talyplary özüne çekmek. Doly talyp haky mugt okuwdan, aýlyk stipendiýadan we saglyk ätiýaçlandyryşyndan ybarat bolýar.

Kriteriýalar:

  • ähli daşary ýurtly talyplar arzalaryny tabşyryp bilerler;
  • magistr derejesinde okamak üçin bakalawr derejesi bolmaly;
  • magistr derejesine 35 ýaşa ýetmedik dalaşgärler kabul edilerler;
  • D.-ni okamak üçin magistr derejesi bolmaly;
  • D. derejesine 40 ýaşa ýetmedik dalaşgärler kabul edilerler;
  • bu talyp haky magistr derejesinde hytaý dilini öwretmek (MTCSOL) ugry boýunça okamak üçin berilmeýändir;
  • Hytaý dilini ýeterli derejede bilmeýän we Hytaýda okuwyna başlamazdan ozal has ýokary derejede okamak isleýän dalaşgärler, arzalaryny tabşyranda HKS şahadatnamasyny görkezmeli.
  • Käbir inženerlik ýa-da inženerlige degişli bolmaýan ugurlar, HKS 3-nji toparyň 180 ýa-da has ýokary bahaly şahadatnamany talap edýärler (HKS of band 3 with a score of 180 or above).

Artykmaçlyklar:

  1. Mugt okuw.
  2. Aýlyk stipendiýa.
  3. Magistr derejesiniň talyplary üçin aýda 3000 ýuan.
  4. PhD derejesiniň talyplary üçin aýda 3500 ýuan.
  5. Lukmançylyk ätiýaçlandyryşy.

 Arza bermek prosesi:

Talyp haky arzasy diňe dalaşgär Sýamen uniwersitetine kabul edilenden soň serediler.

2021-nji ýylda magistr derejesine okuwa girmek üçin gollanma:

https://admissions.xmu.edu.cn/16886/list.htm

2021-nji ýylda Ph.D. derejesine okuwa girmek üçin gollanma:

https://admissions.xmu.edu.cn/16887/list.htm

  1. Onlaýn arzany https://studyinchina.csc.edu.cn (Program Category: Type B; Agency No. of XMU: 10384) iňlis ýa-da hytaý dilinde doldurmaly we gol çekmeli.
  2. Ikinji onlaýn arzany http://application.xmu.edu.cn sahypasynda doldurmaly we Hytaýyň hökümet talyp haky üçin arzanyň skanyny ýüklemeli.

Bellik: 

(1) Dalaşgärler resminamalaryň doly toplumyny tabşyrmaly we olaryň hakykylygy üçin jogapkärçilik çekmeli. Nädogry maglumat beren dalaşgäriň arzasy ret ediler.

(2) Aragatnaşykda bolmaly, e-mail-ňyzy we şahsy hasabyňyzy yzygiderli barlamaly, sebäbi zerur bolsa XMU kabul ediş bölümi siz bilen habarlaşyp biler biler.

Akademiki görkezijilere, dil derejä, umumy üstünliklere, akademiki üstünliklere we geljekki akademiki geňeşçiniň teswirlere doly syn berler. Saýlanan dalaşgärler boýunça soňky karary bermek üçin resminamalar Hytaýyň talyp haky geňeşine tabşyrylar.

Iň soňky netijeler awgust aýynyň başynda https://admissions.xmu.edu.cn sahypasynda çap ediler.

Okuwyň dowamlylygy:

magistratura 2 ýa-da 3 ýyl;

Ph.D derejesi 4 ýyl.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://admissions.xmu.edu.cn/2018/0304/c16870a331515/page.htm

Habarlaşmak üçin:

Salgy: XMU’s Admissions Office, Fujian Province, Hytaý (Poçta kody: 361005)

Telefon: 0086 (0) 592 2184792/2188375

Faks: 0086 (0) 592 2180256

E-mail: admission@xmu.edu.cn

Web-sahypasy: http://admissions.xmu.edu.cn

Arza tabşyryş möhleti 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 27-i.