Mohamed bin Zayed adyndaky emeli intellekt uniwersiteti tarapyndan talyp haklar (magistratura we aspirantura derejeleri).

Möhleti
15.05.2021
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

MBZUAI Natural Language Processing (tebigy dilleri gaýtadan işlemek) ugry boýunça magistratura (2 ýyl) we aspirantura (4 ýyl)  okuwa çagyrýar (başlaýan wagty: 2022-nji ýylyň ýaz semestri).

Talyp haky mugt okuwdan, ýaşaýyş jaýynda, saglyk ätiýaçlandyryşyndan we beýleki ýeňilliklerden ybarat bolýar.

MBZUAI magistr maksatnamasy üçin kompýuter ylymlary, elektrotehnika, kompýuter inženerligi, matematika, fizika we şuňa degişli inženerlik ugurlaryndan bakalawr derejesi bolan ähli milletli dalaşgärleri kabul edýär.

MBZUAI aspirantura maksatnamasy üçin kompýuter ylymlary, elektrotehnika, kompýuter inženerligi, matematika, fizika we şuňa degişli inženerlik ugurlaryndan bakalawr derejesi bolan ähli milletli dalaşgärleri kabul edýär.

Programmirlemek we kodlaşdyrmak endiklerine eýe bolmak maslahat berilýär.

Giriş üçin talaplar:

  • S.T.E.M. ugurlary boýunça bakalawr derejesi
  • orta bahanyň azyndan 3.2/4
  • Iňlis: TOEFL ibt – 90
  • Ýa-da IELTS – 6.5 (soň geçip bolýar)
  • Höweslendiriş haty
  • Saýlanan dalaşgärler, indiki mowzuklarda soraglardan ybarat bolýan giriş synagyndan geçerler: Matematika (hasaplama, ähtimallyk teoriýasy, çyzykly algebra we optimizasiýa bilen baglanyşykly esasy matematiki soraglar).

Giriş synaglary boýunça gollanma: https://mbzuai.ac.ae/application/files/6416/1036/9632/MBZUAI_entry_exam_instructions_2021.01.11.pdf

  • Gözleg taslamasy (PhD üçin)
  • 2 sany hödürleýiş haty
  • Rezýume
  • Magistr dalaşgärlerine programmirleme soraglary berler.
  • Söhbetdeşlik

Arza bermek prosesi:

Tebigy dilleri gaýtadan işlemek boýunça magistr derejesi

  1. Portalda registrsiýany geçiň: https://mbzuai.ac.ae/study/academic-programs/msc/natural-language-processing#register .

Tebigy dilleri gaýtadan işlemek boýunça aspirantura derejesi

– Portalda registrsiýany geçiň: https://mbzuai.ac.ae/study/academic-programs/phd/natural-language-processing#register

– Resminamalary ýükläň

– Arzaňyzy tabşyryň

Arza tabşyrmagyň möhleti: 2021-nji ýylyň maý aýynyň 15-i

Has giňişleýin maglumat üçin: https://mbzuai.ac.ae/study/admissions#scholarship

Habarlaşmak üçin:

Email: adm@mbzuai.ac.ae

Iş telefony: +971 2 811 3331

El telefon: +971 54 581 4450