Italiýanyň Kalabria uniwersitetinden geljekki talyplar üçin doly talyp haky.
Kalabria uniwersiteti Ýewropadan daşary ýurtlardan gelen dalagärler üçin iňlis dilinde magistr derejesini okamaga çagyrýar. 2021/2022-nji okuw ýylynda okuw, ýaşaýyş jaýyny we iýmit çykdajylaryny ödeýän 120 sany talyp haklar bar. Mundan başga-da, goşmaça 1700 funt sterling aýlyk stipendiýa hödürlenýär. Saýlaw kwalifikasiýa esaslanýar.
Gerekli resminamalar:
- Pasportyň birinji sahypasynyň skany;
- CV;
- Orta bilim barada şahadatnama;
- Magistr derejesine tabşyrýan dalaşgärleriň bakalawr derejesiniň diplomy bolmaly;
- Akademiki ýetişgenligi barada maglumat;
- Uniwersitetdäki ähli kurslaryň meýilnamasy;
- Italýan dilini bilýändigi barada şahadatnama (bar bolsa);
- Iňlis dilini bilýändigi barada şahadatnama (bar bolsa);
- Beýleki goşmaça resminamalar ýa-da şahadatnamalar.
Hünärler:
Inženerlik we tehnologiýa pudagy:
- Emeli intellekt we informatika;
- Internet üçin kompýuter inženerligi;
- Tebigy baýlyklary durnukly dolandyrmak bilen daşky gurşaw we territorial howpsuzlygyň inženerligi;
- Robototehnika we awtomatlaşdyryş;
- Telekommunikasiýa inžnerligi: datçik tehnologiýasy, hasaplaýyş we torlar.
Lukmançylyk pudagy:
- Lukmançylyk biotehnologiýasy;
- Iýmit barada ylymlar.
Ýöriteleşdirilen ugurlar:
- Himiýa;
- Matematika;
Jemgyýet we ykdysadyýet pudagy:
- Maliýe we ätiýaçlandyryş.
Arza bermek prosesi:
- Esse3 portalynda registrasiýany geçiň: https://unical.esse3.cineca.it/AddressBook/ABStartProcessoRegAction.do;jsessionid=1E78B91BB2AE347DF6A1380647924BE4.esse3-unical-prod-02?cod_lingua=eng
- Ýokarky sag burçdaky menýu -> Registrar’s Office -> Admission test
- Okuw ugruny saýlaň.
- Bäsleşigi saýlamaly: “CALL FOR EXTRA-EU STUDENTS ………..”
- Giriş möhleti – 2021-nji ýylyň maý aýynyň 14-i.
- Arzany diňe bir ugur boýunça tabşyryp bilersiňiz. Okuwyň ugruny üýtgetmek isleseňiz, ilki bilen öňki arzany ýatyrmaly.
- Zerur bolsa, goşmaça bal almak üçin arzaňyza goşmaça resminamalary / şahadatnamalary ýükläp bilersiňiz.
- Soraglaryňyz dörese welcomeoffice@unical.it ýüzlenip bilersiňiz.
Has diňişleýin maglumat üçin: https://www.unical.it/portale/ateneo/international/studenti/unicaladmission/